Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Fransiýa ýeňiş bilen başlady

09:5523.11.2022
0
16667
DÇ-2022: Fransiýa ýeňiş bilen başlady
Surat: sport-express.ru

DÇ-2022-niň üçünji gününiň oýunlaryny Fransiýa — Awstraliýa gapma-garşylygy jemledi. Günüň ahyry oýnunda 4:1 hasabynda Fransiýa ýeňiş gazandy. Duşuşykda ilkinji bolup hasaby açmak Awstraliýanyň ýygyndysyna nesip etdi. 9-njy minutda Gudwin fransuzlaryň derwezesini dürs nyşana aldy. Emma häzirki dünýä çempionlary aljyraňňylyga düşmän, eýýäm birinji ýarymyň dowamynda hasapdaky deňagramlylygy öz taraplaryna agdyrmagy başardylar. 27-nji minutda Rabýo, 32-nji minutda Žiru Awstraliýanyň derwezeçisini ynjytdylar. Oýnuň 68-nji minutda Mbappe hasapdaky aratapawudy 2 topa çykaran bolsa 71-nji minutda Žiru ýene bir gezek uly sahna çykyp, oýundaky gutarnykly hasaby emele getirdi — 4:1. Duşuşykdaky esasy wakalaryň hatarynda Lýuka Ernandeziň şikes almagyny (habarlara görä, ol DÇ-2022-niň öňdäki oýunlaryna gatnaşyp bilmez), Žirunyň Fransiýanyň ýygyndysyndaky gollarynyň sanyny 50-ä tegelemegini (bu ugurda rekord 51 gol uran Terri Anrä degişli) görkezip bolar.

Şeýlelikde, Fransiýa bu ýeňiş arkaly 3 utuk gazanyp, «D» toparçasynda birinji orna ornaşdy. 2-3-nji ýerleri özara deň oýnan Daniýa we Tunis paýlaşyp dur. Toparçadaky ahyrky orun bolsa Awstraliýanyň ýygyndysyna degişli.

Düýnki oýunlaryň ähli netijeleri:

  • «C» toparça. Argentina — Saud Arabystany 1:2
  • «D» toparça. Daniýa — Tunis 0:0
  • «C» toparça. Meksika — Polşa 0:0
  • «D» toparça. Fransiýa — Awstraliýa 4:1

Bu günki boljak oýunlar:

«F» toparça. Marokko — Horwatiýa — 15:00
«E» toparça. Germaniýa — Ýaponiýa — 18:00
«E» toparça. Ispaniýa — Kosta-Rika — 21:00
«F» toparça. Belgiýa — Kanada — 00:00

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň