Arhiw

DÇ-2022: Ilkinji golsuz deňlik hasaba alyndy

20:4922.11.2022
0
13203

Biraz ozal DÇ-2022-niň «D» toparçasyndan orun alan Daniýa — Tunis oýny bolup geçdi. Duşuşykda iki topar üçin hem tapawutlanmaga mümkinçiligiň bolandygyna garamazdan, duşuşyk 0:0 hasabynda deňlikde tamamlandy. «D» toparçasyndaky ikinji oýun sagat 00:00-da Fransiýa bilen Awstraliýanyň arasynda geçiriler.

Mundan ozal, günüň birinji oýnunda Saud Arabystanynyň Argentinany 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edendigini habar beripdik.

Ýeri gelende bellesek, DÇ-2022-niň oýunlaryny Türkmenistanyň çäginde «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň