Baýden Alkyş güni bilen bagly hind guşlaryň günäsini geçdi

15:2022.11.2022
0
23703
Baýden Alkyş güni bilen bagly hind guşlaryň günäsini geçdi
Surat: businessinsider.com

Düýn ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 24-nji noýabrda bellenýän Alkyş güni bilen bagly Şokoladjyk we Körpeje atly hind guşlarynyň günälerini geçdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Surat: nytimes.com

«Şokoladjyk, men seniň günäňi geçýärin, saňa-da sahawat bagyşlaýaryn, Körpeje» diýip, Baýden Ak tamyň bagynda geçen dabarada guşlara ýüzlenip aýtdy diýlip, habarda bellenýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Oba hojalyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, bu ýyl Alkyş gününde hind guşlarynyň 40 millionyna golaýy iýiler, sebäbi hind guşunyň etinden taýýarlanan nahar baýramyň däp bolup gelýän tagamydyr.

Alkyş güni mynasybetli hind guşuna ömür bagyşlamak däbiniň düýbi 1947-nji ýylda goýuldy, şonda Hind guşunyň milli federasiýasy we Guş zawodlarynyň milli geňeşi ilkinji gezek ABŞ-nyň şol wagtky Prezidenti Garri Trumene hind guşuny sowgat berdi.

Hind guşunyň günäsini geçen ilkinji Prezident Jon Kennedi boldy, ol 1963-nji ýylda guşuň günäsini geçdi, Jorj Buşlaryň ulusy bolsa bu däbi resmi taýdan berkitdi.

ABŞ-da Alkyş güni her ýyl noýabr aýynyň dördünji penşenbesinde geçirilýär, bu ýyl ol 24-nji noýabra düşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň