Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan özbek hurmasyny import etmekde dördünji döwlet boldy

14:5122.11.2022
0
13655
Türkmenistan özbek hurmasyny import etmekde dördünji döwlet boldy
Surat: aktualno.uz

Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda özbek hurmasyny import etmekde ilkinji bäşlikden orun aldy. Bu barada özbek internet neşirleri mälim edýär.

2022-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda Türkmenistan Özbegistandan 1 müň 300 tonnadan gowrak hurmany import edipdir. Şunlukda Özbegistanyň daşary ýurtlara eksport eden ähli hurmasynyň 3%-i Türkmenistanyň paýyna düşýär. Türkmenistan özbek hurmasyny import etmekde Russiýadan (26,2 müň tonna), Gazagystandan (15,3 müň tonna) we Gyrgyzystandan (2 müň tonna) soňra dördünji döwlet bolupdyr.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Özbegistan jemi bahasy 27,3 million amerikan dollaryna deň bolan 45,6 müň tonna hurmany daşary ýurtlara eksport edipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň