Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky Konstitusion toparyň mejlisi geçirildi

06:5529.05.2015
0
10038

28-nji maýda paýtagtymyzda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky Konstitusion toparyň mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu topar döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň maý aýynda konstitusion özgertmeleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny dünýä ülňülerine, döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, gol çeken Permanyna laýyklykda döredildi. Bu ugurda görülýän çäreler öz oňyn netijelerini berýär.

Mejlisiň gün tertibini yglan edip we bu toparyň geçen ýyldan başlap, öz işine başlandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz onuň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça geçen döwürde ýerine ýetirilen işlere seljerme beriljekdigini, deslapky maglumatlary we hasabatlary umumylaşdyryp, düzümiň öňünde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Konstitusion topar Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary, ýurdumyzyň ýönekeý raýatlary, syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary we häkimiýetiň ýerli edaralary bilen bilelikde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirdi diýip bellemek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň berýän maglumatlaryna görä, geçen döwürde ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalaryndan, guramalaryndan we raýatlarymyzdan Konstitusiýamyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça köp teklipleriň gelip gowuşandygyny aýtdy.

Müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen zähmetkeşler toparlarynyň     ýygnaklarynda bu mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Teklipleriň gelmegi häzir hem dowam edýär. Şoňa görä-de, biz Esasy Kanunymyzy haýsy ugurlar boýunça      üýtgetmegiň zerurdygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaly diýip, milli Liderimiz belledi we çykyş etmek üçin Konstitusion toparyň agzalaryna söz berdi.

 

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragyny üpjün edýär.

Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň we jemgyýetimiziň demokratik ýörelgeleriniň sazlaşykly ösüşi, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň öňi bilen  ýurdumyzyň Esasy Kanunynda degişli derejede berkidilmegini talap edýär. Bu bolsa kanunlaryň döwrüň talabyna we uzakmöhletleýin ösüşiň meselelerine baglylykda onuň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, häkim hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 16-njy maýynda Konstitusion topary döretmek hakyndaky Permana gol çekmegi, bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berdi diýip belledi. Şeýle hem ol milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny nygtady.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýewe ýurdumyzda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli pudaklarynda demokratik esaslary çuňlaşdyrmaga, hukuk medeniýetini we işini pugtalandyrmaga, halkymyzyň we her bir raýatyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça giň möçberli özgertmeleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik guramalary Konstitusion toparyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine işjeň gatnaşýarlar. Şeýle hem olar Konstitusion kadalary kämilleşdirmek boýunça ýörite maslahatlary we mejlisleri guraýarlar. Ilat arasynda, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen giňişleýin wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Kärhanalarda we edaralarda Esasy Kanunyň kämilleşdirilmeginiň maksadyna we ähmiýetine bagyşlanan duşuşyklaryň, “tegelek stollaryň” başyndaky gepleşikleriň geçirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy görnüşleriniň biridir diýip bellemek bilen, ol Konstitusiýanyň raýatlyk jemgyýetiniň we onuň umumy ykrar edilen binýadynyň bähbidiniň resmi taýdan äşgär edilmegidigini nygtady.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedow öz gezeginde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň dürli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajyp ähmiýetini nygtady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň belent ynsanperwerlik ýörelgeleri we umumadamzat gymmatlyklary äşgär edilýän milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ozal beren teklipleriniň ähli halk goldawyna eýe bolandygy nygtaldy. Aýratyn-da, bu ýerde ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň täze redaksiýasyna her bir raýatyň we adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň kazyýet goraglylygyny güýçlendirmek bilen baglanyşykly üýtgetmeleriň girizilmegi, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň kanun taýdan berkidilmegi, maşgala institutlaryna, enelige, çagalyga we ýaşlar syýasatyna, ykdysady ösüşe maliýe-karz ulgamyna döwlet goldawy göz öňünde tutulýar diýip, ministr belledi.

Soňra Mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory A.Arabow çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenen möhüm kadalar we düzgünnamalar ýurdumyzyň dünýäniň demokratik taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykmagy, ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi, halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagy, ýaş nesilleriň sazlaşykly terbiýelenmegi üçin zerur şertler bolup hyzmat edýär. 

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol öz çykyşynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli demokratik özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň türkmen döwletiniň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, onuň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda beýanyny tapan we durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasy ugruny ösdürmek babatda möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, milletiň Lideriniň Konstitusion özgertmeleri geçirmek baradaky başlangyjy halkymyzyň arasynda giň seslenmä eýe boldy we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça teklipler işjeň ýagdaýda öňe sürüldi. Munuň özi jemgyýetimiziň demokratik esaslarynyň üstünlikli ilerleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen döwürde dürli edaralardan we kärhanalardan, guramalardan we raýatlardan Konstitusiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek babatda köpsanly teklipleriň gelip gowuşandygy habar berildi.

Gelip gowşan tekliplerden ugur alyp, täze taryhy eýýamyň ýagdaýlaryny hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini nazarda tutup, şeýle hem uly möçberli uzakmöhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň täzelenýän Konstitusiýasynyň taslamasyna (52-nji maddasyna) Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaltmak baradaky düzgüni girizmek teklip edilýär. Bu teklip milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasatynyň halk tarapyndan giňden goldanylýandygyna, halkyň milli Liderimiziň töweregine has-da jebisleşip, oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmäge taýýardygyna şaýatlyk edýär diýip, Mejlisiň ýolbaşçysy nygtady.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny özgertmeleriniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda onuň üçünji bölümini kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Şonda hökümet ulgamynyň hem-de Türkmenistanyň dolandyryş edaralarynyň Konstitusion hukuk esaslary berkidilendir, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Ministrler Kabinetiniň, kazyýet häkimiýetiniň we ýerli häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklary, hukuklary we borçlary kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygy Iş toparynyň Konstitusiýanyň hereket edýän maddalaryna täze maddalary hem-de birnäçe üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklibini aýtdy. Hususan-da, döwlet Baştutanynyň borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin aňrybaş ýaş çägini aýyrmak, Türkmenistanyň Prezidentiniň goşmaça hukuklaryny berkitmek baradaky teklipler beýan edildi. 

Bu üýtgeşmeleriň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetiniň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemek, olaryň özbaşdak, adalatlylyk, açyklyk, aýdyňlyk, döwrüň talabyna laýyk ýörelgeler esasynda işlemegini gazanmak maksady bilen, gelip gowşan köpsanly teklipler esasynda kesgitlenendigi bellenildi. Häzirki wagtda şol teklipleriň deslapky häsiýete eýedigi, bu ugurdaky işleriň degişli iş toparlarynda dowam etdiriljekdigi nygtaldy. 

Hormatly Prezidentimiz Konstitusion toparlaryň çykyşlaryny diňläp, Mejlisi dowam etmek bilen, ýurdumyzyň Esasy kanunyny mundan beýläk-de özgertmegiň ileri tutulýan maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň üstünde jikme-jik durup geçip, maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Milletiň Lideri hasabatlardan we ýerlerden gelip gowuşýan tekliplerden görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyçlarymyz halk köpçüligi tarapyndan giň goldaw tapýar. Bu bolsa, hukuk özgertmelerini geçirmek boýunça alyp barýan syýasatymyzyň hem-de halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işlerimiziň oňyn netije berýändigini aýdyň görkezýär diýip belledi.

Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek boýunça işler göz öňünde tutulyşy ýaly, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň, alymlaryň, bilermenler toparynyň, şeýle hem raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde ministrliklerden we pudak edaralaryndan, syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik guramalaryndan, şeýle hem welaýatlardan müňlerçe teklipler gelip gowuşdy. Bular barada aýtmak bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  Konstitusion toparyň düzümine girýän iş toparlary öz işini geljekde hem gelip gowuşýan teklipler esasynda dowam etmelidigini nygtady.

Milletiň Lideri ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça giň gerimli we toplumlaýyn işler alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine pugta eýerip, dünýäde uly abraý gazanandygyny hem-de taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ösen ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna goşulandygyny nygtady.

Biziň öňe sürýän her bir başlangyjymyzda Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak maksatlary ileri tutulýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 1995-nji ýylda Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkidildi. Biziň ýurdumyz  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Rezolýusiýasyny Esasy Kanunynda beýan eden dünýäde ýeke-täk döwletdir.

Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi, dürli ýurtlaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Adamzadyň ösüşine howp salýan wehimlere garşy göreşmek ugrundaky bilelikdäki tagallalara işjeň gatnaşyp, bu ugurlarda taryhy başlangyçlary öňe sürüldi.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Esasy Kanunymyzda has-da berkitmek boýunça gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky taryhy Rezolýusiýa aýratyn ähmiýet bermek maksady bilen, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Konstitusiýasynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny kesgitleýän 1-nji maddanyň 4-nji böleginiň täze maddada beýan edilse, maksadalaýyk boljakdygy barada pikirini aýdyp, bu teklibiň uly goldawa eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow biz «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe sürdük. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş taýdan goragly bolmagyny üpjün etmek boýunça köp işleri üstünlikli durmuşa geçirdik diýip belledi hem-de her bir adamyň bagtyýar durmuşda, ruhubelent ýaşamagy we sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi ugrunda başy başlanan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Biz raýatlarymyz üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny köp möçberde we ýokary depginler bilen gurýarys. Ýurdumyzda saglyk hyzmatlary, jemagat hojalyk hyzmatlary we jemgyýetçilik ulag hyzmatlary üçin tölegler ilatymyz üçin elýeterlidir. Eziz Diýarymyzda ýaşuly nesil üçin pensiýa üpjünçiligi doly ýola goýuldy diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýaşululara, ýaş maşgalalara, enelere döwlet kömek pullary berilýär we halkymyz üçin başga-da köpsanly ýeňillikler döredildi.

Döwlet Baştutany biziň baş ýörelgämiz ynsanperwerlige, adalatlylyga esaslanýar. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk şeýle tejribe Konstitusiýamyzyň kadalarynda beýan edilse dogry bolar diýip men öň hem belläp geçipdim. Gelip gowuşýan teklipler biziň alyp barýan syýasatymyzyň halkymyz tarapyndan doly goldaw tapýandygyny aýdyň görkezýär diýip nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýurdumyzda häzirki zaman demokratik jemgyýetini kemala getirmek üçin ähli şertler döredildi diýip, sözüni dowam etdi. Alnyp barylýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasat netijesinde, ylym we tehnika ösdürilýär. Raýatlarymyzyň syýasy hukuklary gyşarnyksyz berjaý edilýär, döwletimizi dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmak boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Şeýle hem, ýaşlar syýasatyna uly üns berilýär. Ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynda bu meselelere aýratyn orun berilýär.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň Mejlisiniň iş toparlarynyň berýän maglumatlaryny göz öňünde tutup, Konstitusiýamyzyň birinji bölümine döwletimiziň ylmyň we tehnikanyň ösüşine ýardam edýändigi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýandygy, şeýle hem döwletiň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatynda jemgyýetiň, her bir raýatyň bähbitlerinden ugur alynýandygy baradaky kadalar girizilse, dogry boljakdygy barada pikirini aýtdy.

Şonuň bilen baglylykda,  milli Liderimiz döwletiň ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýändigini görkezýän, taryhy häsiýete eýe bolan, uzak möhlete gönükdirilen işleri aýdyň beýan edýän täze kadalary we ýörelgeleri özünde jemleýän maddalaryň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Soňra döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde geçirilýän Konstitusion özgertmeler dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesi we milli ösüş ýolumyzda toplanan tejribe nazara alnyp, amala aşyrylmalydyr. Bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň kanunlary işlenip taýýarlananda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen talaplarynyň ileri tutulmalydygyny belledi.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ösüş ýolunda öňe sürýän syýasy, ykdysady we hukuk garaýyşlaryna, ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine doly eýerýändigini nygtap, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryna has-da işjeň ornaşdyrylmagy üçin, bu ýörelgeleriň degişli maddalarda anyk beýanyny tapmagyny gazanmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň göni hereketiniň bardygyny beýan edýän düzgünleriň Konstitusiýa girizilmegini maksadalaýyk hasap edýändigini belledi.

Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek boýunça işler döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň talaba laýyk guralmagyndan hem-de olaryň ygtyýarlyklarynyň anyk kesgitlenmeginden ugur alnyp dowam etdirilse maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň işine bildirilýän talaplary has-da güýçlendirmek, döwleti dolandyrmak ýaly çylşyrymly işlere has-da jogapkärli çemeleşmegi gazanmak möhüm wezipeleriň biridir diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda,  Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýamyza döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesiniň adamy goramakdygyny, goldamakdygyny we oňa hyzmat etmekdigini anyk kesgitleýän goşmaçalar girizilse, dogry bolar diýip pikir edýändigini aýtdy. Şeýle hem, kanunlaryň hökmürowanlygyny Esasy Kanunyň derejesinde berkitmek, kabul edilýän hukuk namalarynyň mazmuny bilen halky giňişleýin habarly etmek ýörelgelerini beýan etmek maksady bilen, hereket edýän Esasy Kanunymyza goşmaçalary girizsek maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz belledi. 

Türkmenistanyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek meselesini dowam edip, döwlet Baştutanymyz onda adamyň we raýatyň hukuklaryny berkitmäge degişli teklipleriň şöhlelendirilmegini ulgamlaýyn esasda ýene-de bir gezek seljermegiň hem-de degişli işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Öň hem belläp geçişimiz ýaly, biz Türkmenistany dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan ýurduna öwürmegi maksat edindik. Bu maksat diňe bir ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginli ösüşini talap etmän, eýsem adamyň hemmetaraplaýyn, esasan hem hukuk taýdan goragly bolmagyny talap edýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Konstitusiýamyzyň adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary baradaky bölüminiň degişli maddalaryny şahsyýetiň mertebesiniň goralmagyny, kemsidilmeginiň öňüniň alynmagyny, şahsy eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri nukdaýnazaryndan gaýtadan beýan etmek, şol bir wagtda hem telekeçilik işine, hususy eýeçilige we emläge, ýuridik kömegi almaga bolan hukuklary täze maddalarda berkitmek teklip edilýär. Eger zerur bolsa, bu teklipleri beýleki meseleler bilen baglylykda hem seljermeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýakynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Gender meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň agzalygyna saýlandygyna ünsi çekip, milletiň Lideri halkara guramalarynyň Türkmenistana bolan gyzyklanmasynyň barha artmagynyň ýurdumyzda adamyň bähbitleri göz öňünde tutulyp alnyp barylýan işleriň ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

 

Şu babatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow adamyň hukuklary we azatlyklary bilen bagly ählumumy ykrar edilen binýatlaýyn kadalar anyk kesgitlenip, täzeden has düşnükli görnüşde beýan edilse maksadalaýyk bolar diýip nygtady.

Teklip edilýän täze maddalaryň, şeýle hem üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ýurdumyzyň Konstitusiýasyna goşulmagy Türkmenistanda demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda uly öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berer. Adam hukuklary we azatlyklary babatda oňyn halkara tejribesini we umumylykda ykrar edilen ýörelgeleri milli kanunçylyga ornaşdyrmak işine hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň uzak möhlete gönükdirilen maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge uly itergi berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiýet we dolandyryş edaralary ulgamynyň konstitusion hukuk esaslary berkidilen bölümiň, ýagny Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Kazyýet häkimiýetiniň we ýerli häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän baplarda beýan edilen möhüm ähmiýetli kadalaryň üstünde hem işlemek zerur diýip, döwlet Baştutany nygtady. Bu meselelere degişli kadalar we ýörelgeler döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň milli tejribesi nazara alnyp we halkara tejribesi öwrenilip, şeýle hem gelip gowuşýan köp sanly teklipler esasynda işlenip taýýarlansa maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleriniň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Döwlet häkimiýetiniň üç şahasynyň hem özbaşdak, adalat, açyklyk, aýanlyk ýörelgeleri esasynda, döwrüň talabyna laýyk çalt, çeýe işlemegini gazanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmeli. Gelip gowşan tekliplerden ugur alnyp, bu bölüme hem täze maddalary, hereket edýän maddalara birnäçe üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär.

Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini amala aşyrýan häkimiýet edaralarynyň hatarynda Türkmenistanyň Konstitusion kazyýetini döretmek teklip edilýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belläp, bu mesele boýunça gutarnykly karara gelmezden öň, Topara bu meseläni ýene-de bir gezek ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Konstitusion kazyýetini döretmek boýunça teklipler makullanan ýagdaýynda, Konstitusiýa şol Kazyýetiň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän täze maddalary girizmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, geçen döwürde alnyp barlan özgertmeleriň netijesinde, Türkmenistanyň häzirki hereket edýän Konstitusiýasynyň 58-nji maddasy üýtgedildi. Bu maddada Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine  ýetirip  bilmedik ýagdaýynda, Prezident saýlawlary geçirilýänçä Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň biriniň üstüne ýüklenilýändigi bellendi.

Raýatlarymyzdan gelýän hatlar seljerilende, döwlet Baştutany öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda, Prezident saýlanýança onuň ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna geçirmegi göz öňünde tutýan düzgünleri girizmek teklip edilýär. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, halkara tejribesinde has köp duş gelýän tejribä eýermek maksady bilen, bu düzgünleri üýtgetmek meselesine hem seretmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläni hem oýlanyşykly çözmek üçin teklipleri gutarnykly ara alyp maslahatlaşmagy, eger zerur bolsa, bu meseläni goşmaça ýene-de öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip,  öňde goýlan wezipeleri we gündelik ýüze çykýan meseleleri has çalt we ýokary derejede çözmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumyny döretmek barada hem teklipleriň  gelip gowuşýandygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, eger zerurlyk ýüze çykýan bolsa, Türkmenistanyň Mejlisiniň işiniň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýän maddalara Mejlisiň işini guraýan Prezidiumyň döredilmegini göz öňünde tutýan we onuň düzümini kesgitleýän kadalary girizip bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýany kämilleşdirmek boýunça işlerde ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň hukuk ýagdaýyna halkara tejribesine laýyklykda seretmegiň, olaryň ygtyýarlyklarynyň maliýe üpjünçilik, eýeçilik hukuk esaslaryny anyk kesgitlemegiň zerurdygyny nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygyny görkezdi. Döwlet Baştutanynyň, hususan-da, düşündirişi ýaly, häzirki wagtda Geňeşleriň Konstitusiýada berkidilen ygtyýarlyklarynyň üstüni goşmaça ygtyýarlyklar bilen ýetirmek teklip edilýär, şunuň bilen baglylykda degişli anyk teklipler gelip gowuşdy.

Soňra milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça netijeli işleri alnyp barylýar, ykdysadyýetimizi döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, bazar ykdysady gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak, hususy telekeçiligi ösdürmek, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek, olary maliýeleşdirmegiň döwrebap usullaryny ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz syýasatyny üstünlikli durmuşa boýunça zerur çäreler görülýär. 

 

Bank ulgamyny, ykdysadyýetiň pudaklaryny, senagaty ösdürmäge we beýleki meselelere degişli taryhy başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalary edýäris diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Şundan ugur alyp, şeýle hem gelip gowuşýan köp sanly teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň kämilleşdirilýän Konstitusiýasyna «Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy» atly täze bölümi girizmek teklip edilýär.

Şunuň bilen baglylykda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  täze bölümde döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýändigi, salgyt töleýjiniň hukuk taýdan goraglylygy baradaky kadalary goşmagy zerur diýip pikir edýändigini aýtdy.

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýeke-täk býujet-maliýe, salgyt, pul we karz syýasaty, milli pul birligi, maliýe-karz ulgamy, býujet we bank ulgamy, salgytlar, ýygymlar we beýleki hökmany tölegler, olary tölemek borjunyň esaslary anyk görkezilse talaba laýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şu babatda Merkezi bankyň käbir ygtyýarlyklary we ýurdumyzyň umumy milli baýlygy diýlip yglan edilýän baýlyklar we olary rejeli peýdalanmak hem-de olaryň döwlet tarapyndan goralmagy bilen bagly kadalar giňden beýan edilse maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýamyzda täze maddalary, beýleki üýtgetmeleri we goşmaçalary has anyk beýan etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli diýip aýtdy. Teklipler halkara hukugynyň kadalary, dürli ýurtlaryň tejribesi, milli aýratynlyklarymyz göz öňünde tutulyp öwrenilmelidir.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan taryhy ähmiýetli bu işi zähmetkeşleriň, talyp ýaşlaryň, alymlaryň arasynda wagyz etmek we teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça çäreleri netijeli dowam etmeli diýip, döwlet Baştutany nygtady. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ýerlerde halk köpçüligi bilen duşuşyklary, şeýle hem teleýaýlymlarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary guramagy Türkmenistanyň Mejlisine tabşyrdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek boýunça gelip gowuşýan hatlary ýene-de bir gezek seljermegi teklip edip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklipleriň ilki Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylsa, soňra bolsa ýurdumyzyň ähli ilatynyň arasynda giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin Konstitusiýamyzyň deslapky taslamasy metbugatda çap edilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Milletiň Lideri gutarnykly işlenip taýýarlanan taslamany bolsa, Ýaşulularyň indiki ýylda geçiriljek maslahatynda kabul etmek üçin Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna hödürlemegi teklip etdi.

Şonuň ýaly-da, ministrlikler, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary, ýerli häkimiýet edaralary bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamaly,  bu işleri üstünlikli dowam etmek bilen, biz berkarar döwletimizi has-da ösdüreris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, olaryň azatlyklaryny we erkinligini doly üpjün ederis. Şunda döwlet Baştutany Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň öňünde durýan esasy wezipeleri ýerine ýetirmekde bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň tutanýerli zähmet çekjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň