Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 10 aýda 614 million dollara ýetdi

11:4622.11.2022
0
11196

2022-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 614,1 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şunlukda, Türkmenistan Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygyndaky ülşi boýunça ilkinji onlukdan (8-nji orun) ýer aldy. Bu barada resmi özbek metbugaty habar berýär.

2022-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistany jemi bahasy 443,5 million amerikan dollaryna deň bolan önümleri we hyzmatlary Özbegistana eksport etdi. Şeýlelikde Türkmenistan Özbegistanyň iň köp import eden ýurtlarynyň sanawynda dokuzynjy basgançaga ýerleşdi.

2022-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 170,6 million amerikan dollaryna deň bolup, Türkmenistan Özbegistanyň iň köp eksporty amala aşyran ýurtlarynyň sanawynda-da 9-njy basgançakdan orun aldy.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýlyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 40 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Şonuň 15,483 milliardy importyň, 24,615 milliardy bolsa eksportyň paýyna düşýär.

Mundan ozal size 2022-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň 712 tonna özbek pissesini import edip, bu ugurda ilkinji bäş ýurduň hataryndan orun alandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň