Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 220 müň tonnadan gowrak gant şugundyryny ýygnamak meýilleşdirilýär

10:5422.11.2022
0
9794

Şu ýyl Türkmenistanda 220 müň tonnadan gowrak gant şugundyryny ýygnamak meýilleşdirilýär diýip, «MIR 24» habar berýär.

Möwsüm ahyrlap barýar we daýhanlar kösükli ekinleriň hasylyny isripsiz ýygnamaga howlugýarlar. Olar kabul ediş nokatlaryna eýýäm 170 müň tonna gant şugundyryny tabşyrdylar. Umuman alanyňda, ýurtda 18 müň gektara golaý meýdanda şugundyr ekildi. Munda gurak howa şertlerine gowy uýgunlaşýan we zyýankeşlere garşy durnukly sortlar saýlanyp alynýar diýlip, habarda aýdylýar.

— Bol hasylyň kömegi bilen şeker zawodlary 11 müň tonnadan gowrak şeker öndürýär, bu bolsa içerki bazaryň importa garaşlylygyny azaldýar. Geljekde ýokary hasyllylygy saklamak üçin daýhanlar oba hojalygynda häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ulanmak möhümdir — diýip, «MIR 24» türkmenistanly oba hojalykçy Amangeldi Beşirowyň sözlerini getirýär.

Ýatlap geçsek, şu ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daýhanlary şugundyr ösdürip ýetişdirmäge höweslendirmek üçin satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak baradaky Karara gol çekdi. Netijede, häzirki wagtda üç müň maşgala bu hasyly ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Hasyl üçin tölegi öz wagtynda almakdan başga-da, olar şugundyr löti ýaly çig mal önümlerini döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satyn alyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň