Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň mejlisinde eden çykyşy

05:4529.05.2015
0
11365

Hormatly Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň agzalary! 
Hormatly adamlar!

Geçen ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar öz işine başlady. Biz şu gün bu Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirýäris. Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça başyny başlan işlerimizi seljermek, deslapky maglumatlary we hasabatlary jemlemek, Konstitusion toparyň geçen döwrüň dowamynda ýerine ýetiren işlerini we öňde duran wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak biziň şu günki duşuşygymyzyň esasy maksadydyr.

Hormatly adamlar!

Konstitusion topar Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary, ýurdumyzyň ýönekeý raýatlary, syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary we häkimiýetiň ýerli edaralary bilen bilelikde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň berýän maglumatlaryna görä, geçen döwürde ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalaryndan, guramalaryndan we raýatlarymyzdan Konstitusiýamyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça köp teklipler gelip gowuşdy.

Müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen zähmetkeşler toparlarynyň     ýygnaklarynda bu mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Teklipleriň gelmegi häzir hem dowam edýär. Şoňa görä-de, biz Esasy Kanunymyzy haýsy ugurlar boýunça      üýtgetmegiň zerurdygy bilen bagly      meseleleri ara alyp maslahatlaşmaly.

Hormatly Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň agzalary!

Hormatly adamlar!

Hasabatlardan we ýerlerden gelip gowuşýan tekliplerden görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyçlarymyz halk köpçüligi tarapyndan giň goldaw tapýar. Bu bolsa hukuk özgertmelerini geçirmek boýunça alyp barýan syýasatymyzyň hem-de halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işlerimiziň oňyn netije berýändigini aýdyň görkezýär.

Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek boýunça işler göz öňünde tutulyşy ýaly, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň, alymlaryň, bilermenler toparynyň, şeýle hem raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda alnyp barylýar.

Häzirki döwürde ministrliklerden we pudak edaralaryndan, syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik guramalaryndan, şeýle hem welaýatlardan müňlerçe teklipler gelip gowuşdy. Konstitusion toparyň düzümine girýän iş toparlary öz işini geljekde hem gelip gowuşýan teklipler esasynda dowam etmeli. Iş toparlarynda gelip gowuşýan teklipler ara alnyp maslahatlaşylanda Konstitusiýamyzy milli tejribämize daýanyp, halkara hukuk kadalaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek baradaky maksatlardan ugur alyndy.

Siziň bilşiňiz ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça giň gerimli we toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine pugta eýerip, dünýäde uly abraý gazandy. Ýurdumyz taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ösen ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna goşuldy.

Biziň öňe sürýän her bir başlangyjymyzda Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak maksatlary ileri tutulýar. 1995-nji ýylda Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkidildi.

Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Rezolýusiýasyny Esasy Kanunynda beýan eden dünýäde ýeke-täk döwletdir.

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi, dürli ýurtlaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Adamzadyň ösüşine howp salýan wehimlere garşy göreşmek ugrundaky bilelikdäki tagallalara işjeň gatnaşýar. Biz bu ugurlarda taryhy başlangyçlary öňe sürdük.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Esasy Kanunymyzda has-da berkitmek boýunça gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky taryhy Rezolýusiýa aýratyn ähmiýet bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny kesgitleýän 1-nji maddanyň 4-nji bölegini täze maddada beýan etsek, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Bu teklibiň uly goldawa eýe boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe sürdük. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş taýdan goragly bolmagyny üpjün etmek boýunça köp işleri üstünlikli durmuşa geçirdik. Öň hem belläp geçişim ýaly, her bir adamyň bagtyýar durmuşda, ruhubelent ýaşamagy we sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi ugrunda başyny başlan işlerimizi mundan beýläk-de dowam ederis.

Biz raýatlarymyz üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny köp möçberde we ýokary depginler bilen gurýarys. Ýurdumyzda saglyk hyzmatlary, jemagat hojalyk hyzmatlary we jemgyýetçilik ulag hyzmatlary üçin tölegler ilatymyz üçin elýeterlidir.

Eziz Diýarymyzda ýaşuly nesil üçin pensiýa üpjünçiligi doly ýola goýuldy. Ýaşululara, ýaş maşgalalara, enelere döwlet kömek pullary berilýär we halkymyz üçin başga-da köp sanly ýeňillikler döredildi.

Biziň baş ýörelgämiz ynsanperwerlige, adalatlylyga esaslanýar. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk şeýle tejribe Konstitusiýamyzyň kadalarynda beýan edilse dogry bolar diýip men öň hem belläp geçipdim. Gelip gowuşýan teklipler biziň alyp barýan syýasatymyzyň halkymyz tarapyndan doly goldaw tapýandygyny aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzda häzirki zaman demokratik jemgyýetini kemala getirmek üçin ähli şertler döredildi. Alnyp barylýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasat netijesinde, ylym we tehnika ösdürilýär. Raýatlarymyzyň syýasy hukuklary gyşarnyksyz berjaý edilýär, döwletimizi dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmak boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Şeýle hem ýaşlar syýasatyna uly üns berilýär. Ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynda bu meselelere aýratyn orun berilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň iş toparlarynyň berýän maglumatlaryny göz öňünde tutup, Konstitusiýamyzyň birinji bölümine döwletimiziň ylmyň we tehnikanyň ösüşine ýardam edýändigi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýandygy, şeýle hem döwletiň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatynda jemgyýetiň, her bir raýatyň bähbitlerinden ugur alynýandygy baradaky kadalar girizilse, dogry bolar diýip hasap edýäris.

Şeýle hem bu bölüme Türkmenistanda köp partiýalylygyň ykrar edilýändigini, döwletiň raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri döredýändigini, her bir jemgyýetçilik birleşiginiň Kanunyň öňünde deňligini kepillendirýän kadalar goşulsa talaba laýyk bolar diýip pikir edýäris.

Şonuň ýaly-da, döwletiň ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýändigini görkezýän, taryhy häsiýete eýe bolan, uzak möhlete gönükdirilen işlerimizi aýdyň beýan edýän täze kadalary we ýörelgeleri özünde jemleýän maddalary girizmek maksadalaýyk bolar diýip hasap edýäris.

Hormatly adamlar!

Häzirki döwürde geçirilýän Konstitusion özgertmeler dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesi we milli ösüş ýolumyzda toplanan tejribe nazara alnyp, amala aşyrylmalydyr. Ýurdumyzyň kanunlary işlenip taýýarlananda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen talaplary ileri tutulmalydyr.

Biz dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ösüş ýolunda öňe sürýän syýasy, ykdysady we hukuk garaýyşlaryna, ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine doly eýerýäris. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryna has-da işjeň ornaşdyrylmagy üçin, bu ýörelgeleriň degişli maddalarda anyk beýanyny tapmagyny gazanmaly.

Mälim bolşy ýaly, biz Türkmenistanda halkara hukugynyň kadalarynyň ileri tutulýandygyny ykrar etdik. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň göni hereketiniň bardygyny beýan edýän düzgünleriň    Konstitusiýa girizilmegini maksadalaýyk hasap edýäris. Biz bu düzgünleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda anyk beýan edilmegi boýunça gelip gowuşýan teklipleri seljermelidiris. Bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmelidiris.

Hormatly adamlar!

Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek boýunça işler döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň talaba laýyk guralmagyndan hem-de olaryň ygtyýarlyklarynyň anyk kesgitlenmeginden ugur alnyp dowam etdirilse maksadalaýyk bolar.

Döwlet häkimiýet edaralarynyň işine bildirilýän talaplary has-da güýçlendirmek, döwleti dolandyrmak ýaly çylşyrymly işlere has-da jogapkärli çemeleşmegi gazanmak möhüm wezipeleriň biridir. Konstitusiýamyza döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesiniň adamy goramakdygyny, goldamakdygyny we oňa hyzmat etmekdigini anyk kesgitleýän goşmaçalary girizsek, dogry bolar diýip pikir edýäris. Şeýle hem kanunlaryň hökmürowanlygyny Esasy Kanunyň     derejesinde berkitmek, kabul edilýän hukuk namalarynyň mazmuny bilen halky giňişleýin habarly etmek ýörelgelerini beýan etmek maksady bilen hereket edýän Esasy Kanunymyza goşmaçalary girizsek maksadalaýyk bolar.

Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulýan binýatlaýyn esaslaryny we borçlaryny kesgitleýän kadalar biziň Konstitusiýamyzda giňden beýan edilendir. Gelip gowşan teklipler esasynda bu kadalar görkezilen bölümdäki maddalary kämilleşdirmek boýunça hem degişli işler geçirildi. Bu tekliplere öňdebaryjy halkara tejribesini, halkara guramalarynyň esasy resminamalaryny hemmetaraplaýyn öwrenmek nukdaýnazaryndan garaldy.

Adamyň we raýatyň hukuklarynyň berkidilmegine degişli teklipleriň ýurdumyzyň Konstitusiýasynda beýan edilmegini ýene-de bir gezek ulgamlaýyn seljermeli. Bu ugurda zerur işleri dowam etmeli. Öň hem belläp geçişimiz ýaly, biz Türkmenistany dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan ýurduna öwürmegi maksat edindik. Bu maksat diňe bir ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginli ösüşini talap etmän, eýsem, adamyň hemmetaraplaýyn, esasan hem hukuk taýdan goragly bolmagyny talap edýär.

Konstitusiýamyzyň adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary baradaky bölüminiň degişli maddalaryny şahsyýetiň mertebesiniň goralmagyny, kemsidilmeginiň öňüniň alynmagyny, şahsy eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri nukdaýnazaryndan gaýtadan beýan etmek, şol bir wagtda hem telekeçilik işine, hususy eýeçilige we emläge, ýuridik kömegi almaga bolan hukuklary täze maddalarda berkitmek teklip edilýär. Eger zerur bolsa bu teklipleri beýleki meseleler bilen baglylykda hem seljermeli.

Ýakynda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Gender meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň agzalygyna saýlandy. Bu ýurdumyz üçin uly abraýdyr. Biziň ýurdumyz indi birnäçe ýyllaryň dowamynda abraýly halkara guramalary bilen dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Halkara guramalarynyň Türkmenistana bolan gyzyklanmasynyň barha artmagy ýurdumyzda adamyň bähbitleri göz öňünde tutulyp alnyp barylýan işleriň ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Adamyň hukuklary we azatlyklary bilen bagly ählumumy ykrar edilen binýatlaýyn kadalar anyk kesgitlenip, täzeden has düşnükli görnüşde beýan edilse maksadalaýyk bolar. Meniň pikirimçe, Esasy Kanunymyzda her bir adamyň şahsy durmuşynyň, şahsy we maşgala syrlarynyň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegi, pikir we söz azatlygyna bolan konstitusion hukuklarynyň berkidilmegi, her bir raýatyň adyl kazyýetligiň amala aşyrylmagyna gatnaşmagy bilen bagly hukuklar, adamyň durmuşy we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, ýaş maşgalalaryň goldanylmagyna bolan hukuklar has aýdyň we giňişleýin beýan edilse dogry bolar.

Maşgala, enelik we çagalyk bilen bir hatarda, atalygyň hem döwlet goraglylygynyň kepillendirilmegi bolsa ýurdumyzda aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyndan gelip çykýan hakykatdyr.

Teklip edilýän täze maddalaryň, şeýle hem üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ýurdumyzyň Konstitusiýasyna goşulmagy Türkmenistanda demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda uly öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berer. Adam hukuklary we azatlyklary babatda oňyn halkara tejribesini we umumylykda ykrar edilen ýörelgeleri milli kanunçylyga ornaşdyrmak işine hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň uzak möhlete gönükdirilen maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge uly itergi berer.

Kanunçylyk binýadyny doly we aýdyň kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipelerimiziň Esasy Kanunyň kadalarynda we ýörelgelerinde berkidilmegi olaryň üstünlikli çözülmegine uly itergi berjekdigine berk ynanýarys.

Hormatly adamlar!

Döwlet häkimiýetiniň ähli şahalarynyň ornuny, olaryň ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemek zerur. Döwrüň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, bu edaralaryň halka hyzmat etmekleri üçin amatly hukuk giňişligini döretmek möhüm meseleleriň biri bolmagynda galýar.

Türkmenistanyň häkimiýet we dolandyryş edaralary ulgamynyň konstitusion hukuk esaslary berkidilen bölümiň, ýagny Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Kazyýet häkimiýetiniň we ýerli häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän baplarda beýan edilen möhüm ähmiýetli kadalaryň üstünde hem işlemek zerur. Bu meselelere degişli kadalar we ýörelgeler döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň milli tejribesi nazara alnyp we halkara tejribesi öwrenilip, şeýle hem gelip gowuşýan köp sanly teklipler esasynda işlenip taýýarlansa maksadalaýyk bolar.

Kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleriniň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemek zerur. Döwlet häkimiýetiniň üç şahasynyň hem özbaşdak, adalat, açyklyk, aýanlyk ýörelgeleri esasynda, döwrüň talabyna laýyk çalt, çeýe işlemegini gazanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmeli.

Gelip gowşan tekliplerden ugur alnyp, bu bölüme hem täze maddalary, hereket edýän maddalara birnäçe üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär. Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini amala aşyrýan häkimiýet edaralarynyň hatarynda Türkmenistanyň Konstitusion kazyýetini döretmek teklip edilýär. Bu mesele boýunça gutarnykly karara gelmezden öň, Topara bu meseläni ýene-de bir gezek ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrýaryn.

Türkmenistanyň Konstitusion kazyýetini döretmek boýunça teklipler makullanan ýagdaýynda, Konstitusiýa şol Kazyýetiň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän täze maddalary girizmeli. Esasy Kanuna Türkmenistanyň Konstitusion kazyýetiniň seretmäge ygtyýary bolan işlerini, hukuklaryny kesgitleýän maddalary goşup bolar diýip pikir edýärin.

Hormatly adamlar!

Geçen döwürde alnyp barlan özgertmeleriň netijesinde, Türkmenistanyň häzirki hereket edýän Konstitusiýasynyň 58-nji maddasy üýtgedildi. Bu maddada Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine  ýetirip  bilmedik ýagdaýynda, Prezident saýlawlary geçirilýänçä Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň biriniň üstüne ýüklenilýändigi bellendi.

Raýatlarymyzdan gelýän hatlar seljerilende, döwlet Baştutany öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda, Prezident saýlanýança onuň ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna geçirmegi göz öňünde tutýan düzgünleri girizmek teklip edilýär. Halkara tejribesinde has köp duş gelýän tejribä eýermek maksady bilen, bu düzgünleri üýtgetmek meselesine hem seretmeli.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görülýän döwürde 2 aý möhlet bilen döwlet Baştutanynyň wezipesi wagtlaýynça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ygtyýaryna geçirilse, demokratik ýörelgelere doly laýyk geler diýen teklipleri seljermegi iş toparlary maslahat berýär. Bu meseläni hem oýlanyşykly çözmek üçin teklipleri gutarnykly ara alyp maslahatlaşyň. Eger zerur bolsa, bu meseläni goşmaça ýene-de öwreniň.

Hormatly adamlar!

Mälim bolşy ýaly, biz köp sanly kararlary we kanunlary çalt kabul etmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde uly wezipeleri goýduk.

Häzirki tejribä laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi kanunlary we kararlary zerurlyga görä geçirilýän maslahatlarynda kabul edýär. Öňde goýlan wezipeleri we gündelik ýüze çykýan meseleleri has çalt we ýokary derejede çözmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumyny döretmek barada hem teklipler gelip gowuşýar.

Eger zerurlyk ýüze çykýan bolsa, Türkmenistanyň Mejlisiniň işiniň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýän maddalara Mejlisiň işini guraýan Prezidiumyň döredilmegini göz öňünde tutýan we onuň düzümini kesgitleýän kadalary girizip bolar.

Konstitusiýany kämilleşdirmek boýunça işlerde ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň hukuk ýagdaýyna halkara tejribesine laýyklykda seretmegiň, olaryň ygtyýarlyklarynyň maliýe üpjünçilik, eýeçilik hukuk esaslaryny anyk kesgitlemegiň zerurdygy barada men öň hem belläp geçipdim. Topar bu ugurda hem işleri dowam etmeli.

Häzirki wagtda Geňeşleriň Konstitusiýada berkidilen ygtyýarlyklarynyň üstüni goşmaça ygtyýarlyklar bilen ýetirmek teklip edilýär. Ýagny salgytlary we olary almagyň tertibini bellemek, özüne degişli eýeçiligi dolandyrmak, jemgyýetçilik tertibini gorap saklamaga ýardam etmek boýunça düzgünleri girizmek barada teklipler gelip gowuşdy.

Geňeşleriň işini guramak üçin goşmaça maliýe çeşmelerini ulanmaga, emläk edinmäge we degişli çäkde jemgyýetçilik tertibini gorap saklamaga bolan hukuklardan peýdalanmagyň hukuk esaslaryny kesgitleýän kadalary Konstitusiýa girizmek teklip edilýär.

Biz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Ykdysadyýetimizi döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, bazar ykdysady gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirýäris.

Hususy telekeçiligi ösdürmek, emläk gatnaşyklaryny dolandyrmak, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek, olary maliýeleşdirmegiň döwrebap usullaryny ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrýarys.

Bank ulgamyny, ykdysadyýetiň pudaklaryny, senagaty ösdürmäge we beýleki meselelere degişli taryhy başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalary edýäris. Şundan ugur alyp, şeýle hem gelip gowuşýan köp sanly teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň kämilleşdirilýän Konstitusiýasyna «Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy» atly täze bölümi girizmek teklip edilýär.

Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy baradaky syýasaty yglan etdik. Şu syýasatdan ugur alyp, döwletiň adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýandygy, halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna ykdysady ösüşi üpjün edýändigi bilen bagly ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny has ýokary derejede ýola goýmak zerur bolup durýar.

Şonuň üçin hem täze bölümde döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýändigi, salgyt töleýjiniň hukuk taýdan goraglylygy baradaky kadalary goşmak zerur diýip pikir edýäris.

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýeke-täk býujet-maliýe, salgyt, pul we karz syýasaty, milli pul birligi, maliýe-karz ulgamy, býujet we bank ulgamy, salgytlar, ýygymlar we beýleki hökmany tölegler, olary tölemek borjunyň esaslary anyk görkezilse talaba laýyk bolar. Merkezi bankyň käbir ygtyýarlyklary we ýurdumyzyň umumy milli baýlygy diýlip yglan edilýän baýlyklar we olary rejeli peýdalanmak hem-de olaryň döwlet tarapyndan goralmagy bilen bagly kadalar giňden beýan edilse maksadalaýyk bolar.

Hormatly adamlar!

Konstitusiýamyzda täze maddalary, beýleki üýtgetmeleri we goşmaçalary has anyk beýan etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Teklipler halkara hukugynyň kadalary, dürli ýurtlaryň tejribesi, milli aýratynlyklarymyz göz öňünde tutulyp öwrenilmelidir.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan taryhy ähmiýetli bu işi zähmetkeşleriň, talyp ýaşlaryň, alymlaryň arasynda wagyz etmek we teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça çäreleri netijeli dowam etmeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ýerlerde halk köpçüligi bilen duşuşyklary, şeýle hem teleýaýlymlarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary guramagy Türkmenistanyň Mejlisine tabşyrýaryn. Umuman, bu ugurda alnyp barylýan işleri halkymyza giňden ýetirmek boýunça çäreleri dowam etmeli.

Hormatly Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň agzalary!

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek boýunça gelip gowuşýan hatlary ýene-de bir gezek seljermegi teklip edýärin. Bu teklipleri ilki Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ara alyp maslahatlaşsak, soňra bolsa ýurdumyzyň ähli ilatynyň arasynda giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin Konstitusiýamyzyň deslapky taslamasyny metbugatda çap etsek, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Gutarnykly işlenip taýýarlanan taslamany bolsa, Ýaşulularyň indiki ýylda geçiriljek maslahatynda kabul etmek üçin, Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna hödürlemegi teklip edýärin.

Şonuň ýaly-da, ministrlikler, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary, ýerli häkimiýet edaralary bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamaly. Bu işleri üstünlikli dowam etmek bilen, biz berkarar döwletimizi has-da ösdüreris. Adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, olaryň azatlyklaryny we erkinligini doly üpjün ederis.

Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň öňünde durýan esasy wezipeleri ýerine ýetirmekde siziň ähliňiziň tutanýerli zähmet çekjekdigiňize berk ynanýaryn!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň