Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça Milli ýygyndysynyň düzümi tassyklanyldy

16:1628.05.2015
0
13235

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 11-nji iýunda 2018-nji ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň we 2019-njy ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlaryndaky ilkinji duşuşygyny geçirer. Ildeşlerimiz şol gün Guamyň milli ýygyndysy bilen myhmançylykda duşuşarlar.

Ýakynda Türkmenistanyň futbol federasiýasy tarapyndan Guamyň milli ýygyndysy bilen boljak duşuşykda ýurdumyzyň futbol abraýyny gorap çykyş etjek milli ýygyndymyzyň düzümini tassyklandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Goçumowyň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndymyzyň düzümi 18 futbolçydan ybarat. Olaryň 2-si derwezewan, 7-si goragçy, 5-si ýarym goragçy we 4-si hüjümçidir. Milli ýygyndymyzyň düzümindäki futbolçylaryň ählisi hem Ýokary ligada çykyş edýän toparlardan alyndy. Guam bilen boljak duşuşykda daşary ýurtlaryň çempionatlarynda oýnaýan ildeşlerimiziň oýnuna tomaşa edip bilmeris.

Saýlama duşuşyklaryň ilkinjisinde çykyş etjek ýygyndy toparymyzda «Ahaldan» 4, «Aşgabatdan» 3, «Balkandan» 2, HTTU bilen «Hazynanyň» her haýsyndan bir, «Altyn asyrdan» 6 futbolçy bar.

GUAMYŇ MILLI ÝYGYNDYSY BILEN BOLJAK DUŞUŞYKDA ÇYKYŞ ETJEK MILLI ÝYGYNDYMYZYŇ DÜZÜMI:

Derwezewanlar:

Nikita Gorbunow, «Ahal»

Sergeý Kuznesow, «Aşgabat»

 

Goragçylar:

Myrat Hamraýew, «Ahal»

Rahimberdi Baltaýew, «Aşgabat»

Mekan Saparow, «Balkan»

Akmyrat Jumanazarow, HTTU

Şöhrat Söýünow, «Altyn asyr»

Serdar Annaorazow, «Altyn asyr»

Bahtiýar Hojaahmedow, «Altyn asyr»

 

Ýarym goragçylar:

Süleýman Orazow, «Ahal»

Ilýa Tamurkin, «Merw»

Ahmet Ataýew, «Altyn asyr»

Umidjan Astanow, «Altyn asyr»

Guwanç Abylow, «Hazyna»

 

Hüjümçiler:

Berdi Şamyradow, «Aşgabat»

Serdaraly Ataýew, «Balkan»

Altymyrat Annadurdyýew, «Ahal»

Süleýman Muhadow, «Altyn asyr»

Görşüňiz ýaly, milli ýygynymyz Ýokary ligada hem ussatlyk görkezýän futbolçylardan düzülen. Hüjümçileriň hatarynda şu ýyl Ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän ýaş futbolçy Altymyrat Annadurdyýewiň hem bolmagy oňa belent ynamdyr. Şol sanda Berdi Şamyradow, Serdaraly Ataýew, Bahtiýar Hojaahmedow, Myrat Hamraýew, Sergeý Kuznesow, Nikita Gorbunow ýaly 30 ýaşy arka atan tejribeli futbolçylaryň hem milli ýygyndymyzyň düzümine çagyrylmagy ýaş futbolçylary goldamakda itergi berer.

Milli ýygyndymyz saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygyny 16-njy iýunda ýurdumyzda geçirerler. Onda ildeşlerimiz geçen Dünýä çempionatynyň finalçysy Argentina garşy mynasyp oýun görkezen Eýranyň ýygyndy toparyny kabul ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň