Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçylary “infomatrih — 2015” taslama olimpiadasynda 8 medal eýelediler

14:4928.05.2015
0
8132

Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçirilen “infomatrih — 2015” halkara taslama olimpiadasynda türkmenistanly mekdep okuwçylary sekiz medal eýelediler.

Bu aň-paýhas bäsleşiklerine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan 700-den gowrak okuwçy gatnaşdy.ýaşajyk programmaçylar emin agzalarynyň garamagyna bilelikdäki we şahsy taslamalaryň 350-sini hödürlediler, olar deslapky tapgyrda 2500 (!) işiň içinden saýlanyp alyndy. Programmalaşdyrmak we kompýuter tehnologiýalary ugrundaky innowasion taslamalaryň her ýyl geçirilýän bu ylmy gözden geçirilişinde Türkmenistana ýurduň dürli künjeklerinden bolan ýokary synp okuwçylarynyň 8-si wekilçilik etdi.

Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynyň uçurymy Ahmet Paýtykow we Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Azymberdi Taganow kümüş medallara mynasyp boldular. Paýtagtyň şu mekdebiniň okuwçysy Kakageldi Ataýew bürünç medal gazandy. Bürünç medallaryň ýene bäşisini Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 28-nji (“Ruhnama”) orta mekdebinden Hojamyrat Sähedow we 97-nji orta mekdebinden Süleýman Rejepow, şeýle hem Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinden Garly Abdyllaýew hem Arap Annageldiýew, şonuň ýal-da Mary welaýatynyň ýöriteleşdirilen mekdebinden Mekan Paltaýew dagy eýeledi.

Türkmenistanly mekdep okuwçylary tarapyndan işlenilip düzülen kompýuter programmalary syrkawlar üçin gan tabşyrýan adamlaryň “wirtual” baza maglumatlaryny kemala getirmäge ýa-da okuwlaryň gidişini häzirki zaman elektron gurluş tarapyndan “dolandyrylýan” “akylly mekdebi” döretmäge niýetlenendir. Beýleki işleri ýerine ýetirenleriň üns merkezinde — gyssagly lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça “Tiz kömegiň” elektron görnüşi, şeýle hem kompýuter oýunlarynyň we animasiýanyň üsti bilen programmalaşdyrmagy okatmak ýaly işläp düzmeler bar.

Ýaş türkmen programmaçylarynyň “INFOMATRIH — 2015” olimpiadasynda gazanan nobatdaky üstünlikleri ýurdumyzyň aň-paýhas bäsleşiklerdäki gazananlarynyň üstüni ýetirdi. Umuman alanymyzda, şu ýylda abraýly halkara ders olimpiadalarynyň netijeleri boýunça biziň okuwçylarymyza 89 medal gowşuryldy, olaryň 32-si altyn, 34-si kümüş, 23-si bolsa bürünç medallardyr.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň