«Turkmenistan Airlines»-iň programmasynda halkara uçuşlara petek satyn almak mümkinçiligi döredildi

18:4219.11.2022
0
50799
IOS we «Android» esasly smartfon ulanyjylary, «Turkmenistan Airlines»-iň ykjam programmasynda halkara uçuşlara petek satyn alyp bilerler.
Täzelenen programmada halkara uçuşlara petek bronlamak, şeýle hem howa peteklerini bölekleýin yzyna gaýtarmak mümkinçiligi bar.
Programmada uçar petegini satyn almak üçin islenýän ugry we syýahat senesini saýlamaly. Bu ugurda elektron petekleriň satuwy açyk bolsa, ýolagçy sanawdan islenýän gatnawyny saýlap, «Altyn Asyr» bank karty bilen töleg geçirip biler.
Programmanyň kömegi bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň müşderileri smartfondan ýa-da planşetden içerki uçuşlara petek satyn alyp, iş tertibi, goş düzgünleri we nyrhlary bilen tanşyp bilerler.
Mundan başga-da, awiakompaniýanyň ýolagçylary «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň daşary ýurtlardaky ofisleriniň ýerleşýän ýeri barada maglumat alyp, habarlaşyp bilerler.
Programmany «App Store»-da we «Google Play»-da mugt göçürip alyp bilersiňiz.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.
Häzirki wagtda bu ugurlara petekler satuwa çykarylýar.
GDA ýurtlarynyň «Aeroflot», «S7 Airlines», AZAL, «Air Astana», «Air Moldova», «Uzbekistan Airways» we «Belavia» ýaly esasy awiakompaniýalarynyň köpüsiniň öz ykjam hyzmatlary bardyr.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň