Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýük tranziti üçin niýetlenen gümrük programmasy işe girizildi

17:0219.11.2022
0
24038

Türkmenistanda gümrük edaralaryna halkara gümrük üstaşyr ulgamy arkaly daşalýan harytlar barada deslapky maglumatlary bermek üçin niýetlenen programma işe girizildi. Ol harytlaryň serhet üsti bilen daşalmagyny has aňsatlaşdyrar we çaltlaşdyrar diýip, «MIR 24» habar berýär.

Habarda bu halkara sanly ulgama ýurduň bäş gümrük nokadynyň birikdirilendigi aýdylýar. Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi ýük daşaýjylara bu programmany eýýäm häzirden ulanyp başlamagy maslahat berýär. Bu bolsa geljek ýyldan başlap harytlaryň serhetden geçmegi barada deslapky maglumatlary bermegiň hökmany düzgüne öwrüljekdigi bilen düşündirilýär.

— Bu programma gümrük nokatlarynda işleri çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir. Onuň kömegi bilen indi resminamalary has çalt gözden geçirip bileris we munuň özi logistika oňyn täsir eder. Bu Türkmenistanyň halkara deňiz we guryýer ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar, şeýle hem täze üstaşyr geçelgeleriň gözleginde kömek eder — diýip, çeşme Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgäri kapitan Eziz Dädebaýewiň sözlerini getirýär.

Türkmenistanda işe girizilen programma kompaniýalara şol bir wagtyň özünde ähli ýurtlaryň gümrük edaralaryna elektron görnüşinde öňünden maglumat ibermäge mümkinçilik berýär

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň