Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

06:2428.05.2015
0
2636

27-nji maýda türkmen paýtagtynda ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-ukrain toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Ukrainanyň wise-premýer ministri, sebitleýin ösüş, gurluşyk we ýaşaýyş-jemagat hojalygy ministri Gennadiý Zubkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

Iki dostlukly ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de esasy hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň gün tertibine döwletara ylalaşyklarynyň, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilmegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Gepleşikleriň çäklerinde özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda nebitgaz, himiýa we energetika pudaklarynda, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk babatda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.

Mejlise gatnaşyjylar oba hojalygyny özara bähbitli gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde görkezip, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň täze ýokary netijeli tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary; häzirki zaman oba hojalyk önümçiligini dolandyrmak; weterinar hyzmatlaryny hem-de weterinar gözegçiligini kämilleşdirmek babatda üstünlikleri we tejribeleri alyşmak boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, Aşgabatdaky bilelikdäki toparyň şu mejlisiniň köpugurly türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny  giňeltmäge gönükdirilen goşmaça çäreleri kabul etmegiň zerurdygy nygtaldy. Kiçi we orta telekeçiligiň kärhanalarynyň arasynda işewür aragatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we goldamagyň, şeýle hem önümçilik ulgamynda bilelikdäki kärhanalary döretmegiň wajypdygy bellenip geçildi.  

Toparyň agzalary däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge barha artýan özara gyzyklanmany nygtap, iki ýurduň söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky  hyzmatdaşlygy, telekeçilik işleriniň kanunçylyk taýdan sazlaşdyrylmagyny has-da ösdürmek boýunça, Türkmenistanyň we Ukrainanyň işewür- maslahatlaryny, sergilerini, ýarmarkalaryny, ykdysady günlerini geçirmek wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ukrain toparynyň işiniň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň