Soňky habarlar

Arhiw

Goýun sürüsi on iki günläp bir duran ýerinde aýlandy

11:3719.11.2022
0
37756
Goýun sürüsi on iki günläp bir duran ýerinde aýlandy
Surat: thesun.co.uk

Hytaýdaky fermalaryň birinde goýun sürüsi 12 günläp durman tegelek aýlaw edip aýlandy diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Ýurduň Baotou şäheriniň maldarçylyk hojalyklarynyň birinde bolan bu waka wideogözegçilik kameralaryna düşdi. Wideogörnüşlerde goýunlaryň yzly-yzyna tegelek halka ýasap, aýlanýandygy görünýär, şonda üç-dört sany goýun aýlawyň merkezinde sömelip durka, gapdalda seredip duran goýunlar mäleşip, edil buýruk berlen ýaly aýlawa kürsäp girýärler.

Goýunlaryň eýesi hojalygynda 34 süriniň bardygyny, diňe bir süriniň bu täsin hereketi edendigini gürrüň berýär, onuň sözlerine görä, ol mundan öň beýle geň ahwala duçar bolmandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň