Soňky habarlar

Arhiw

ÝB we BSGG Türkmenistanda täze taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär

10:5519.11.2022
0
17916
ÝB we BSGG Türkmenistanda täze taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär
Surat: vedomosti.ru

Ýewropa Bileleşigi hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda täze taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär diýip, «Trend» habar berýär.

Habar berilmegine görä, Türkmenistanda, Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Täjigistanda we Özbegistanda durmuşa geçiriljek 10 million ýewrolyk täze taslama COVID-19 pandemiýasynyň täsirini azaltmagy hem-de milli immunizasiýa maksatnamalaryny we saglyk maglumatlaryny dolandyryş ulgamlaryny güýçlendirmek arkaly uzak möhletli saglyk durnuklylygyny berkitmegi maksat edinýär.

Ilkibaşda bu serişdeler COVID-19 sanjymynyň gerimini giňeltmek, COVID-19-a garşy we adaty immunizasiýa meýilnamalaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek, sanjym bilen meşgullanýan saglygy goraýyş işgärlerini we hünärmenleri taýýarlamak hem-de immunizasiýa maglumat ulgamlaryny güýçlendirmek üçin ulanylar.

Mundan başga-da, durmuşa geçiriljek bu taslama ýakynda kabul edilen we Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan goldanylýan 2023-2030-njy ýyllar üçin sanly saglyk hereketleriniň sebitleýin Meýilnamasyna laýyklykda maglumatlary we sanly saglyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge itergi berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň