Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan Türkmenistana un eksportyny iki esse artdyrdy

18:1418.11.2022
1
18743

2022-nji ýylyň 8 aýynda Gazagystan Türkmenistana un eksportyny pul nukdaýnazaryndan, takmynan, 2 esse ýokarlandyrdy diýlip, Gazagystan Respublikasynyň Söwda we integrasiýa ministrligi tarapyndan habar berildi.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlary boýunça Gazagystan 1,08 million tonna un eksport etdi (deňeşdirmek üçin, 2021-nji ýylyň degişli döwründe 854,9 müň tonna un eksport edilipdi), şunuň bilen birlikde bu önümiň ortaça eksport bahasy hem 273 dollardan 392 dollara çenli ýokarlandy diýip, Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrligi düşündiriş berdi.

Bu döwürde Türkmenistana 27,72 müň tonna gazak uny (11,07 million dollarlyk) eksport edildi. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründe 18,6 müň tonna we 6,33 million dollara barabardy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistana bir tonna unuň ortaça eksport bahasy 399 dollar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň