Penşenbe güni FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) maldarçylygy ösdürmekde Türkmenistana goldaw berýändigini aýtdy diýip, «Trend» habar berdi.
Wiorel Gusu 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda FAO bilen Türkmenistanyň maldarçylyk, hususan-da oba hojalyk mallaryny köpeltmek boýunça şertnama baglaşandygyny aýtdy.
— Merkezi Aziýa, Azerbaýjan we Türkiýe ýurtlary üçin niýetlenen bu taslama, her bir gatnaşyjy ýurtda we umuman, Merkezi Aziýa sebtinde maldarçylyk pudagynda seljermek we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikleriň gerimini giňeltmegi maksat edinýär — diýip, hünärmen belledi.
Gusu taslamanyň çäklerinde mundan başga-da meýdan mekdepleri we daýhanlary milli hem-de halkara hünärmenler tarapyndan göniden-göni taýýarlamak ýaly bilimleri daýhanlara geçirmek üçin innowasion çemeleşmeleriň ösdüriljekdigini hem aýtdy.