Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady

08:2818.11.2022
0
17449

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Omanyň Soltany Haýsam bin Tarige we ýurduň ähli halkyna Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, gutlag hatynda Soltan Haýsam bin Tarige berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Oman Soltanlygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň