Arhiw

«Матч ТВ» Russiýanyň we Täjigistanyň ýygyndylarynyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer

14:5917.11.2022
0
13398

«Матч ТВ» Russiýanyň we Täjigistanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda boljak ýoldaşlyk duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer. Şu gün Duşenbe şäherindäki Merkezi respublikan stadionynda geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 20-de başlanar.

Iki ýygyndy mundan öň taryhynda bir gezek hem duşuşmandylar. Reýtingde Russiýa 33-nji, Täjigistan 108-nji orny eýeleýär.

Sentýabr aýynda rus ýygyndysynyň Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys.

Waleriý Karpiniň şägirtleri 20-nji noýabrda Özbegistanyň ýygyndysy bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň