Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda Moskwa formatynyň Owganystan boýunça dördünji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýörite wekilleri we ýokary wezipeli adamlary gatnaşdy. Bu barada TASS ýazýar.
Şeýle hem mejlise Kataryň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystanynyň we Türkiýäniň hem wekilleriniň gatnaşandygy habar berilýär. Duşuşykda taraplar Owganystandaky häzirki ýagdaý, howpsuzlygyň ýagdaýy we bu ýurtda we onuň töweregindäki ykdysady ösüşiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formaty we beýleki täsirli mehanizmleriň saýasynda owganara milli barlyşyga ýardam etmek, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy güýçlendirmek boýunça sebitleýin tagallalary utgaşdyrmak barada ylalaşyk gazanyldy.
Mejlisde sebitdäki ýurtlaryň Kabul bilen yzygiderli maslahatlaşmalar arkaly ýurtdaky ykdysady, syýasy we beýleki meseleleri çözmek boýunça owgan hökümeti bilen has işjeň hyzmatdaşlyk etmelidigi bellenildi. Kabul bilen umumy integrasiýa we ulag taslamalary bilen baglanyşykly goňşy ýurt bolan Türkmenistanyň hem owgan tarapy bilen gepleşik gurmagyň möhümdigine ynanýandygy nygtaldy.
Moskwa formatynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatda Hytaýyň Owganystan boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýong bilen duşuşdy. Duşuşykdan soň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen tarapynyň sebitdäki parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, terrorçylyga garşy göreş we döwrümiziň beýleki kynçylyklary we howplary ýaly meseleler boýunça ygtyýarly owgan resmileri bilen maslahatlaşmak üçin mümkinçilikleri gözlemegi we peýdalanmagy zerur hasaplaýandygyny mälim etdi.