Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberleri dört esse artdyrylar

05:5927.05.2015
0
3391

26-njy maýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlary boýunça ýörite wekili Mohammad Şaker Kargary kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite wekili esasy ugurlaryň birnäçesinde döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, has takygy,  türkmen tarapynyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak we Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Täjigistana demir ýoly çekmek babatda başyny başlan giň möçberli taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklary bilen baglanyşykly mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taslamalar hakyky hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Taraplaryň ylalaşmagyna görä, bu demir ýoluň Andhoýa çenli bölegini soňky ýyllarda uly tejribe toplan türkmen tarapy gurar. Demir ýoluň bu bölegi Owganystanyň çäginde ýerleşýär. Umumy pikire görä, täze bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini ösdürmäge, durmuş meseleleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam eder. Munuň özi Owganystandaky we tutuş sebitdäki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer.

Netijeli häsiýete eýe bolan şu duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän ýangyç serişdeleriniň, hususan-da,  nebit önümleriniň we suwuklandyrylan gazyň Owganystana iberilýän möçberini artdyrmak barada ylalaşyldy.  Ýangyç serişdeleriniň bahalary baradaky meseleleriň ylalaşykly bolmagy wezipäni üstünlikli çözmäge ýardam eder.

 

Taraplaryň elektrik energetikasy ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýändigi nazara alnyp, türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana iberilýän möçberlerini artdyrmak mümkinçilikleri barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Munuň özi soňky ýyllarda ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwatynyň barha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup durýar. Goňşy döwletler energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegini üpjün etmekde ýurdumyzy   ygtybarly we uzakmöhletleýin hyzmatdaş hasaplaýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite wekili Mohammad Şaker Kargar duşuşygyň jemini jemläp,  türkmen-owgan gatnaşyklarynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, mundan beýläk-de ikitaraplaýyn hem-de  köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra döwlet Baştutanynyň we myhmanyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň Teswirnamasyna gol çekildi. Teswirnamada 2018—2027-nji ýyllarda Türkmenistandan elektrik energiýasyny ibermek we şol döwürde eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini dört esse  artdyrmak baradaky çözgüt beýan edildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň