Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda öňdebaryjy ýaşlaryň 75-si sylaglandy

09:0817.11.2022
0
10028

Düýn — 16-njy noýabrda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde Aşgabatda bu guramanyň döredilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna eýe bolanlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen dabara ýaşlar guramasynyň köp sanly işjeň agzalary, guramanyň hünärmenleri, hormatly myhmanlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatanaşdylar.

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerine degişli şahadatnamalar we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şu ýyl «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen belent ada ykdysadyýetde, edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde aýratyn tapawutlanan öňdebaryjy ýaşlaryň 75-si mynasyp boldy. Olaryň arasynda ýurduň ähli sebitlerinden ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, mekdep okuwçylary, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, harby gullukçylar, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýaş hünärmenleri bar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda bu ada mynasyp bolýan ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Mysal üçin, 2020-nji ýylda bu sylaga türkmenistanly ýaşlaryň 47-si, 2021-nji ýylda bolsa 62-si mynasyp boldy. Şu ýyl olaryň sanynyň ýene-de artdyrylyp, 75-e ýetirilmegi, ilkinji nobatda, 1-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tassyklamagy bilen kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ýurtda jemgyýetiň «ýaşlar» diýlip kesgitlenen gatlagyna indi ozalkysy ýaly 30 däl-de, 35 ýaşa çenli raýatlaryň girizilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Dabaranyň dowamynda Ýaşlar baýragynyň eýeleri hem-de hormatly myhmanlar Türkmenistanda ýaşlar babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty, döredilýän uly mümkinçilikler, olaryň maksady we ähmiýeti, guwandyryjy netijeleri barada çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň