Soňky habarlar

Arhiw

«Roza Gül» 2023-nji ýylyň toý etmek üçin iň owadan seneleri barada aýtdy

11:1417.11.2022
0
19265

«Roza Gül» dükanlar torunyň hünärmenleri «Turkmenportal» habarlar saýtynyň okyjylary üçin 2023-nji ýylda toý etmek üçin iň owadan seneleriň sanawyny taýýarladylar.

Bu sanawda 23.02.2023 senesi iň owadan we ýatda galjak sene hökmünde kesgitlenilýär. Şunuň bilen hem, ýaş juwanlara şular ýaly owadan senelere üns bermek ýerlikli bolar: 03.02.2023, 23.02.2023, 02.03.2023, 03.03.2023, 23.03.2023, 23.12.2023.

2023-nji ýylda dolulygyna tersligine, aýna öwüşgini ýaly gabat gelýän sanly sene ýok bolsa-da, owadan seneler az däl. Şonuň üçin toý sähedini haýsy täsin senede bellemek göwnejaý bolsa-da, edil şonuň ýaly «Roza Gül» dükanlaryndaky ajaýyp güller bilen toýa bezeg çaýmagam örän ýerine düşjek zatdyr.

Toýuň bezeginiň näderejede bolmalydygyny kesgitleýän zatlaryň býujet, tematiki islegler, isleg bildirilýän stil we ýaşlaryň öz göwün arzuwlary ýaly şertleriniň bardygy ikuçsuzdyr. Özboluşly ajaýyp döredijilik ussatlygy, başarnygy we baý tejribesi bolan «Roza Gül» dükanynyň hünärmenleri häzirki zaman tendensiýalaryna laýyklykda güller bilen bezemek işlerini birkemsiz ýerine ýetirýärler.

Gelniň elinde göterjek çemeni üçin «Roza Gülüň» hünärmenleri bägül, hrizantema, pionalar, eustomalar, freziýalar, liliýalar ýaly durnukly gülleri saýlap almagy maslahat berýärler.

Ýaş juwanlaryň toý dabarasynda oturýan stollaryny bolsa köp sanly güller bilen bezemeli bolýar, sebäbi bu ýere toýa gatnaşýanlaryň ählisiniň ünsi gönükýär. Stoly güller bilen bezemekde meşhur görnüş ajaýyp şemdanlar, heýkeljikler, gazlaryň heýkeljikleri, salfetkalar ýaly goşmaça zatlary ulanyp, oazise esaslanýan gönüburçly kompozisiýany döretmek bolup durýar. Stoluň üstünde dargadylan ýa-da ýürek şekilli nagyş bilen örtülen bägül däneleri owadan görünýär.

Esasan-da, «Roza Gülüň» bezegçileriniň belleýşi ýaly, dabaranyň ähli bezegleriniň bir baglanyşykda bolmagy: gelniň gül çemeni, ýigidiň jübüsindäki gül, arka — dabaranyň esasy ýeri we fotozona özara bir stili emele getirmelidir.

Bellesek, «Roza Gül» dükanlarynda toý dabaralarynda ulanylýan kaşaň, seýrek gabat gelýän gülleriň we ösümlikleriň görnüşleri bardyr.

«Roza Gül» dükanlaryndan toý dabaralary üçin gülleri sargyt etmek isleseňiz şu salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

  • Azady köçesi, 83. Telefon belgileri: (+993 12) 92 47 82;
  • Magtymguly şaýoly, 185. Telefon belgileri: (+993 12) 34 35 55;
  • Görogly köçesi («Syýahat» oteli). Telefon belgileri: (+993 12) 34 44 33, el telefon belgisi: (+993 63) 01 01 06;
  • Azady köçesi, 85. Telefon belgileri:(+993 12) 93 27 42 (otag we howly ösümlikleri);
  • Görogly köçesi («Syýahat» oteliniň arkasy). Telefon belgileri: (+993 12) 34 44 33.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň