Soňky habarlar

Arhiw

Demirgazyk sebitde mäş, noýba we künji taýýarlamak baradaky döwlet buýurmasy üstünlikli ýerine ýetirildi

16:4316.11.2022
0
30449

Daşoguz welaýatynda kösükli we ýagly ösümlikleriň käbir görnüşlerini taýýarlamak baradaky döwlet buýurmasy üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu ýerde ekin meýdanlaryndan 7 müň 300 tonna mäş, 615 tonna noýba we 560 tonna künji ýygnaldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Şu ýyl Türkmenistanyň demirgazygynda kösükli ekin ekmek üçin bölünip berlen meýdan ep-esli artdyryldy. Netijede, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, mäşden takmynan 2000 tonna, noýbadan 239 tonna, künjüden bolsa 210 tonna köp hasyl alyndy.

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary soňky ýyllarda köp mukdarda kösükli ekinleri ösdürip ýetişdirmekde ýeterlik tejribe topladylar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň