Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik we dostluk ýörelgelerini alamatlandyrýan “Abadançylyk” binasy açyldy

15:1626.05.2015
0
8748

25-nji maýda “Abadançylyk” adyna eýe bolan kaşaň binanyň açylyşy boldy. Bu özboluşly bina paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriniň birinde, Arçabil we Çandybil şaýollarynyň çatrygynda guruldy. Ol abadançylygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ösüşlere beslenen türkmen topragynyň parahatçylygyny alamatlandyrmak bilen, bu künjegiň binalaryna utgaşdy.

Binanyň umumy belentligi 47 metr bolup, onuň sütüni bäş bölekden ybaratdyr. Binanyň ýokarsynda bäş sany kepderiniň şekili ýerleşdirilen Ýer şary bar. Binanyň sütünleriniň ýokarky bölegi milli şekiller bilen bezelen halka arkaly baglanyşýar. Munuň özi bir bitewüligi, agzybirligi alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň her bir welaýatyna mahsus göller we bezeg aýratynlyklary bilen gurşalan sütünler bäş welaýatyň bitewüliginiň baş nyşanyny düzýär.

Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik we dostluk ýörelgelerini alamatlandyrýan kepderiler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen we dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna hem-de goldawyna eýe bolan döredijilikli syýasatynyň esasyny düzýän döwletimiziň özygtyýarlylygynyň, gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşanlaryny özünde jemleýär. 26 müň inedördül metr meýdany bolan bu binanyň yşyklandyryjylar bilen üpjün edilen we bezeg sütünleri bolan suw çüwdürimleri onuň kaşaňlygyny artdyrýar.

Binanyň dört tarapyndan ýerasty pyýada geçelge gurlupdyr. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr, bu ýerde giň meýdany bolan gök zolak dörediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň