Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň nyşany şekillendirilen “Sagdynlyk” binasy açyldy

15:1626.05.2015
0
3555

25-nji maýda Atatürk köçesiniň ugrunda dikeldilen “Sagdynlyk” binasynyň ýanynda baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berildi. Oňa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we sport toplumynyň wekilleri gatnaşdylar.

Beýikligi 27 metr bolan bu binanyň ýokarsynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany şekillendirilipdir. Munuň özi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän syýasatynyň anyk netijeleriniň biridir. Paýtagtymyzyň iri sport düzümleriniň golaýynda ýerleşýän bu bina sagdyn türkmen jemgyýetini, milli sportuň gazanýan üstünliklerini we täze belentliklere tarap gyzyklanmalary alamatlandyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň