Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary duşuşdylar

23:1115.11.2022
0
13631
Aşgabatda Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary duşuşdylar
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň gün tertibine söwda-ykdysady we maliýe-bank ulgamlary, ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, logistika, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda hem-de gyzyklanma bildirilýän beýleki ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet ulgamlarynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň käbir ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işlere oňyn baha berdiler hem-de hakyky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine daýanýan netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine iki ýurduň umumy gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.

Aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eden duşuşygyň barşynda has möhüm bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ägirt uly kuwwata hem-de mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitlilik we iki ýurduň bähbitlerini has doly göz öňünde tutmak ýörelgelerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça birnäçe anyk çäreler bellenildi.

Taraplar ýola goýlan parlamentara gatnaşyklaryň netijeliligini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Duşuşykda soňky ýyllarda özara eksport-import amallarynyň haryt görnüşlerini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreleri görýän Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberiniň durnukly ýokary ösüş depginleriniň hasaba alnandygy kanagatlanma bilen nygtaldy.

Daşary ýurt işewürleri üçin has oňaýly şertler döredilen geljegi uly türkmen bazaryna gatnaşmaklaryny giňeltmäge Russiýanyň işewür toparlarynyň örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, myhmanlar Russiýanyň işewürliginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş babatdaky uly taslamalaryna mundan beýläk-de has işjeň gatnaşmaga hem-de türkmen hyzmatdaşlary bilen iň oňat öňdebaryjy tejribäni we täze tehnologik işläp taýýarlamalary paýlaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, özara tagallalary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygy, hususan-da, Türkmen-rus uniwersitetini döretmek we Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň