Soňky habarlar

Arhiw

«Abdyş-Ata» bilen «Alaý» AFK-nyň kubogy ― 2023/2024-e gatnaşjak gyrgyz toparlary bolar

20:2015.11.2022
0
12094

«Abdyş-Ata» bilen «Alaý» AFK-nyň kubogynyň 2023/2024-nji ýyllardaky möwsümine Gyrgyzystandan wekilçilik etjek toparlar bolar.

«Abdyş-Ata» ýurduň çempiony hökmünde yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. «Alaý» bolsa ýaryşa gatnaşmak üçin 2023-nji ýylyň awgust aýynda saýlama duşuşyklaryny geçirmeli bolar.

Bu ýaryşa 2023-nji ýylda Türkmenistandan hem iki toparyň ― ýurduň Kubogynyň eýesiniň we çempionatyň kümüş medalçysynyň gatnaşjakdygyny ýatladýarys. Eger kümüş medalçy bilen Kubogyň eýesi şol bir topar bolsa ýa-da Türkmenistanyň çempiony Kuboga hem mynasyp bolup bilse, AFK-nyň kubogyna çempionatda üçünji orny eýelän topar gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň