Soňky habarlar

Arhiw

BSGG Türkmenistana maýmyn mamasy keselini anyklamakda goldaw berer

16:4515.11.2022
0
20553

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Türkmenistana maýmyn mamasy keselini anyklamakda goldaw berer. Bu barada «centralasia.news» saýtynda habar berilýär. Maýmyn mamasy keseliniň häzirki ählumymy derejede ýaýramagy bilen, bu wirus bilen kesellänleriň aglaba bölegi (84%) BSGG-nyň Ýewropa sebitinde hasaba alyndy. Şunuň bilen baglylykda, BSGG-nyň Ýewropa sebit edarasy 18 ýurduň täze keseli anyklamak üçin zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek etmek kararyna geldi.

BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň maglumatlaryna görä, maýmyn mamasyna garşy göreşmekde saglyk ulgamlaryny berkitmek üçin bu ýurtlara 1,2 million dollarlyk goldaw berler. Şu maksat bilen «TIB Molbiol» nemes biotehnologiýa kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda häzirki wagtda 57,000 PZR testi taýýarlanyldy. Şunlukda, sebitdäki döwletleriň hersine 5000-e çenli PZR testlerini ugratmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, lukmanlar üçin ýerlerde we uzak aralykdan synag ulgamlaryny dogry ulanmak bilen bagly okuw meýilnamalary guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň