Noýabr aýynda Germaniýanyň Maşyngurluşyk bileleşiginiň wekiliýeti Türkmenistana geler

13:2714.11.2022
0
14704

Germaniýanyň Maşyngurluşyk bileleşiginiň (VDMA) söwda wekiliýeti 21—26-njy noýabrda Türkmenistanda bolar diýip, «Monforts» kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Wekiliýetiň Türkmenistana bu iş saparyny Germaniýanyň Federal Ykdysadyýet ministrliginiň adyndan amala aşyrjakdygy bellenilýär. Belläp geçsek, «Monforts» dokma pudagy üçin niýetlenen iň täzeçil enjamlary öndürijileriň biri hasaplanylýar.

— Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Kakadaky täze dokma toplumy üçin «Monforts» kompaniýasynyň enjamlaryny saýlandygyna we Babadaýhan zawody we beýleki soňky taslamalar üçin niýetlenen enjamlar bilen bilelikde häzirki wagtda ýurtda jemi 15 sany «Monforts» maşynynyň gurnalandygyna begenýäris — diýip, kompaniýanyň dolandyryjy direktory Stefan Flet belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň