Soňky habarlar

Arhiw

Futzal ligasy: «Köpetdag» 17-nji tapgyry birinji orunda tamamlady

10:0011.11.2022
1
5169

10-njy noýabrda Mary şäherinde Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 17-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýy habar berýär.

Tapgyryň ilkinji duşuşygynda «Senagatbank» topary «Ahaldan» üstün çykdy (4:2). Tapgyryň ikinji duşuşygynda TNGIZT «Milli goşun» toparyny 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Köpetdag» topary hem geçiren duşuşygynda uly hasaply ýeňiş gazandy. Paýtagtymyzyň topary bu duşuşykda «Daşoguz toparyndan 8:3 hasabynda üstün çykdy. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda «Deňizçi» bilen «Gümrükçi» toparlary güýç synanyşdy. Bu duşuşyk 5:0 hasabynda «Deňizçiniň» peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň 45 utuk toplan «Köpetdag» birinji orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Deňizçi» hem-de «Gümrükçi» toparlary eýeleýärler.

Naýbaşy futzal ligasynyň 18-nji tapgyrynyň duşuşyklary 10-njy noýabrda geçiriler: «Daşoguz» – TNGIZT, «Ahal» – «Milli goşun», «Deňizçi» – «Senagatbank», «Köpetdag» – «Gümrükçi».

17-nji tapgyryň netijeleri:
«Senagatbank» – «Ahal» – 4:2
«Milli goşun» – TNGIZT – 1:5
«Köpetdag» – «Daşoguz» – 8:3
«Gümrükçi» – «Deňizçi» – 0:5

Ýaryş tertipnamasy:

T/b TOPARLAR O Ý D U T U
1. «Köpetdag» 17 14 3 0 93-32 45
2. «Deňizçi» 17 13 3 1 81-19 42
3. «Gümrükçi» 17 10 3 4 68-46 33
4. «Senagatbank» 17 10 2 5 51-39 32
5. «Daşoguz» 17 5 2 10 62-89 17
6. TNGIZT 17 5 0 12 41-67 15
7. «Milli goşun» 17 2 1 14 38-79 7
8. «Ahal» 17 2 0 15 34-97 6
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň