Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgen MMA boýunça çempion boldy

11:0712.11.2022
0
68225
Türkmenistanly türgen MMA boýunça çempion boldy
Surat: vectorstock.com

Russiýa Federasiýasynyň Dimitrowgrad şäheriniň MMA boýunça açyk birinjiliginde we çempionatynda türkmenistanly Reşit Öwezow 71 kilograma çenli agram derejesinde birinji ýeri eýeledi. 20 ýaşly Reşit Öwezow Kazan Federal uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby bolup, ol ýaşlygyna garamazdan, sportuň kikboks görnüşi boýunça sport ussatlygyna dalaşgärdir. Ol öz agram derejesinde Türkmenistanyň bäş gezek çempiony bolmagy başardy.

R.Öwezow 2020-nji we 2022-nji ýyllarda Kazanda geçirilen «TATFIGHT» professional söweş ligasynyň taýboks ýaryşlarynda iki gezek ýeňiji boldy.

Şeýle hem ol MMA boýunça 2017-nji ýylda Samarkandyň (Özbegistan) çempionatynda birinji orny we Mari El Respublikasynyň Kubogynyň (Russiýa Federasiýasy) iň ýokary baýragyny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň