Serdar Berdimuhamedow daýhanlary, oba hojalyk işgärlerini sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi

22:1811.11.2022
0
20246

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe güni – 13-nji noýabrda Türkmenistanda Hasyl toýunyň giňden we dabaraly belleniljekdigini aýtdy hem-de mejlise gatnaşyjylary, ýurduň ähli halkyny bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, oba zähmetkeşlerine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ýurtda azyk bolçulygyny berkitmek ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde geljekde hem täze üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow zähmetde tapawutlanyp, bol hasyl öndürip, ýokary netijeleri gazanan daýhanlary we oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutany wise-premýer A.Ýazmyradowa şenbe güni, 12-nji noýabrda şu ýyl bol hasyl ýetişdiren oba zähmetkeşlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň