Soňky habarlar

Arhiw

“Ak şäherim Aşgabat” atly sergi türkmen paýtagtynyň gelejegine garamaga mümkinçilik berýär

07:5225.05.2015
1
13668

24-nji maýda paýtagtyň Sergi köşgünde “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly ХIV Halkara sergisi açyldy. Ol 25-nji maýda bellenilýän Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp geçirilýär. Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu foruma kompaniýalaryň we kärhanalaryň 130-a golaýy gatnaşýar, olaryň 40-den gowragy daşary ýurt kompaniýalarydyr.

Şu gezekki sergi Aşgabadyň senagat, medeni we intellektual mümkinçiliklerini, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady kuwwatlyklaryny açyp görkezýän ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ençeme pudaklaryna we düzümlerine täze teklipler we gazanylanlar bilen tanyşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredýär. Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň senagat, demirýol, awtomobil ulaglary, jemagat hojalygy, söwda we daşary-ykdysady gatnaşyklar, bilim, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy hem-de köpsanly beýlekileriň diwarlyklaryna daşary ýurtly myhmanlar uly gyzyklanma bildirdiler.

Ak mermer paýtagtyň gazananlarynyň we ösüş mümkinçilikleriniň bu wekilçilikli gözden geçirilişine gatnaşýan belli daşary ýurt kompaniýalarynyň hatarynda Woygues Türkmen, Vinсi (Fransiýa), Knauf (Germaniýa), TUF (Hytaý) “Mseniskiý zawod “Kommaş” (Russiýa), “Altkom” (Ukraina), kompaniýalary bar. Hindi logistika, derman önümçiligi kompaniýalarynyň köpsanly tekipleri hem  uly täsir galdyrýar, olar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde sergä gatnaşýarlar.

Gurluşyk senagatyna iri möçberli serişdeleri gönükdirmek bilen, biz ýurdumyzyň geljegini gurýarys, ykdysadyýetimiziň ösmegi üçin ygtybarly binýady döredýäris, durmuş we medeni ulgamlaryň ösmegine kuwwatly ýardam berýäris. Aşgabatda açylan wekilçilikli ykdysady gözden geçirilişde hödürlenilýän kaşaň ýaşaýyş toplumlarynyň innowasiýa taslamalarynyň, ak mermerli edara binalarynyň, täze häzirkizaman awtomobil ýollarynyň we önümçilik kärhanalarynyň ýakyn geljekde şäherimizde üstünlikli durmuşa geçirilendigini görüp bileris. “Sergi köşgündäki” diwarlyklar paýtagtymyzyň geljegine nazar aýlap bolýandygy, özboluşly hem-de uly umyt bildirilýän taslamalara baha berip bolýandygy bilen hem özüne çekijidir.

Şu gün sergi öz işini dowam etdirer. Sergä gatnaşyjylar şeýle hem Aşgabadyň güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň  myhmanlary bolarlar.

“Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly ХIV Halkara sergisinden taýýarlan fotoreportažymyzy synlamagy unutmaň! 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň