Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 30 million 881 müň dollaryndan gowrak boldy

07:4825.05.2015
0
2312

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler  Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we awtobenzini satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük,  pagta süýümi we pagta şroty ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Singapur, Türkiýe, Malta, Owganystan, Beliz, Moldowa, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 30 million 881 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 184 müň manatdan gowrak bolan polipropileni satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň