Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheriniň futzal boýunça açyk çempionatynyň ýedinji tapgyry tamamlandy

07:4625.05.2015
0
8652

24-nji maýda Aşgabat şäheriniň futzal boýunça açyk çempionatynda ýedinji tapgyryň iki duşuşygy geçirildi. Onda, garaşylyşy ýaly, öňdäki orunlara dalaş edýän toparlar ýeňiş gazandy.

Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň «Talyp sporty» Türkmenbaşynyň deňiz portunyň «Deňizçi» toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi. “Talyp sporty” ýedi oýundan soň 12 utuk toplap öňdäki orun ugrunda göreşini dowam edýär. Ikinji orunda barýan Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş Döwlet gullugynyň «Wepalysy» Döwlet Gümrük gullugynyň «Gümrükçi» topary bilen bolan duşuşykda deňme-deňlik (5:5) hasaba alyndy. “Wepaly” baýrakly orun ugrundaky göreşini dowam etdirýär. Topar 16 utuk bilen ikinji ornuny saklap galdy. 

Toparlaryň 7-nji tapgyrdan soň ýerleşiş tertibi

Aşgabat şäheriniň futzal boýunça açyk çempionatynda sekizinji tapgyrynda duşuşjak toparlar.

28.05.2015

“Senagatbank” — “Talyp sport”

“Daýanç” — “Gümrükçi”

“Migrasiýa” — “Daýhanbank”

31.05.2015

“Deňizçi” — “Bagtyýarlyk”

“Daşgala” — “Wepaly” 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň