Soňky habarlar

Arhiw

Doganlaşan şäherleriň Albukerkadan wekiliýetleri Aşgabatda bolarlar

07:3925.05.2015
0
6473

Amerikanyň Nýu-Meksika ştatynyň Albukerke şäheriniň wekiliýeti Aşgabat we Albukerke şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy, şeýle hem Aşgabadyň güni mynasybetli 25-nji maýda geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi — diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Saparyň meýilnamasynda Aşgabat we Albukerka şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, ýerli häkimiýetiň ýolbaşçylary, talyplary, şeýle hem Aşgabat hem Mary şäherleriniň medeni-ylmy edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bu meýilnamanyň hemaýatçysy hökmünde “Sister Cities International” guramasy  çykyş edýär. 1990-njy ýylda Aşgabat bilen Albukerkäniň doganlaşan şäherler hökmünde resmi taýdan ykrar edilen pursadyndan bäri ABŞ-nyň hökümeti bu iki şäheriň arasyndaky birnäçe meýilnamalary maliýeleşdirdi.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň