Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi

20:1410.11.2022
0
12417
Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew, täjik wekiliýetine bolsa Täjigistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sadyk Imom ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy we diplomatik gepleşikleriň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýokary derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Sebitleýin we halkara gurluşlaryň, hususan-da BMG-niň çägindäki özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi.

Duşuşykda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligine hem üns çekildi. Bu meselede diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky häzirki Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meselelere hem seredip geçdiler.

Taraplar syýasy geňeşmeleriň barşynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyna syn berdiler, söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegi üçin amatly şertleri gowulandyrmagyň zerurdygyny, şol sanda eksport-import amallaryny köpeltmek, hödürlenýän harytlaryň we hyzmatlaryň gerimini giňeltmek meselesini belläp geçdiler.

Geňeşmeleriň dowamynda türkmen hem-de täjik taraplary medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Saglygy goraýyş, bilim we ylym pudagynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesini nygtadylar. Medeni we ylmy alyş-çalyşlary guramaga özara gyzyklanma bildirdiler.

Saparyň dowamynda Täjigistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselesini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara we sebitara gyzyklanma döredýän ugurlara seredip geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň