Soňky habarlar

Arhiw

Sportda dopinge garşy göreşmegiň meseleleri — Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatynyň üns merkezinde

07:3625.05.2015
0
2980

Aşgabatda Merkezi Aziýa boýunça dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň maslahaty boldy. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Özbegistanyň, şeýle hem Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň wekilleri gatnaşdylar — diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

“Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilýän halkara forumyny Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti we ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komiteti guradylar.

Merkezi Aziýa boýunça dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahatyna gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary üçin dopinge garşy durmak syýasatynyň, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň sport ulgamynda dopinge garşy göreşmek işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu komitetiň agzalary bilim taslamalaryny, bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerindäki işi we gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dopinge garşy pudagynyň işine monitoringi amala aşyrmagyň ugurlaryna garadylar.

Merkezi Aziýa boýunça dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahaty bilen bir hatarda doping gözegçiliginiň hünärmenleri üçin okuw maslahatlary guraldy. Beýik Britaniýanyň dopinge garşy komitetiniň bilermenleri Emma Eýrian Praýs, Mýurreý Kemeron Bruk we Stiwen Alan Roberts bu çärä gatnaşyjylary gadagan edilen serişdeleri ulanmagyň, barlagyň netijelerini gaýtadan işlemegiň usullary we ulgama degişli beýleki meseleler bilen tanyşdyrdylar.

Şeýle hem okuw maslahatyna gatnaşyjylar iri sport ýaryşlaryna taýýarlygyň we ony geçirmegiň çäklerindäki degişli işler, ýaş türgenler üçin dopinge garşy göreş boýunça düşündirişli maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem maslahatyň barşynda dopingiň türgeniň saglygyna täsiri, onuň görnüşleri, gadagan edilen serişdeleri we usullary ulanmaga garşy çäreler ýaly möhüm meselelere deglip geçildi.

Türkmenistan sportda dopingiň ulanylmagyna garşy göreş boýunça Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň işini hemmetaraplaýyn goldaýar. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreş baradaky Halkara Konwensiýasyny tassyk etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň