Soňky habarlar

Arhiw

Hindiguş SES-i 110 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk görýär

20:4209.11.2022
0
12630

Ýolöten şäheriniň eteginde, Murgap derýasynyň üstünde galdyrylan Hindiguş bendindäki gidroelektrik stansiýasy özüniň 110 ýyllyk ýubileýine taýýarlyga girişdi diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda bu özboluşly taryhy desga barada çap edilen makalada aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, bu senäni baýram etmäge teklip edilen taýýarlyk çäreleriniň sanawy giň. Saklanyp galan köp sanly resminamalary, maglumatlary we suratlary tertibe salmak, albomlar, diwarlyklar we kitapça taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Şeýle-de makalada Türkmenistanyň çäginde ilkinji gurlan, iň uly we häzirki wagta çenli işjeň ýagdaýda saklanyp galan Hindiguş suw elektrik stansiýasynyň «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabyna goşulandygy, başdaky kuwwatyny ýitirmän işläp duran bu goja desganyň indi taryhy ýadygärlik derejesine eýe bolandygy nygtalýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda eden çykyşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Murgap derýasynyň ugrunda gurlan Hindiguş gidroelektrik stansiýasy barada gürrüň edip, ony «tehniki pikiriň ýadygärligi», «özboluşly muzeý» diýip atlandyrdy hem-de Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň ösüş taryhynyň gözbaşynda duran bu desgany ýurtdaky energetika stansiýalarynyň şu günki derejesine buýsanç döretmek üçin institutyň talyplaryna-da görkezmegiň zerurdygyny nygtady.

Hindiguş gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygy 1909-njy ýylda başlanyp, ol 1913-nji ýylda doly işe girizilipdir. Stansiýa bu ýerden 40 kilometr çemesi uzaklykda, Baýramaly şäherinde ýerleşen patyşa mülküne, şeýle-de ol ýerdäki pagta arassalaýjy zawoda we ýag kombinatyna elektrik toguny bermek maksady bilen bina edilipdir. Murgap derýasynyň Hindiguş bendinden inýän suwuň güýjünden öndürilen energiýa öň ulanylyp ýörlen bug we nebit dwigatellerini çalyşmaga mümkinçilik beripdir.

Öz döwründe tutuş Russiýa imperiýasynyň çäginde iň kuwwatly hasaplanan bu desgada Wengriýanyň «Ganz» firmasy tarapyndan öndürilen, her biriniň kuwwaty 0,4 MWt bolan 3 sany gidroturbina oturdylan. 1980-nji ýylda geçirilen ýeňil bejergini hasap etmeseň, bu agregatlar ulanyşa goýberilen gününden bäri kadaly işleýär. 1909-njy ýylda gurluşygy tamamlanan maşyn zaly, şeýle-de 1895-nji ýylda galdyrylan Hindiguş bendiniň özi-de şu günlere çenli başky durkuny ýitirmän saklap gelýär.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada nygtalyşy ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gidrodesgany «Özboluşly muzeý» diýip atlandyrmagy hakykata doly laýyk gelýär. Çünki 110 ýyl bäri ulanyşda durýan agregatlaryň, üstünden asyr geçen agaç şkaflaryň, stollaryň, demir oturgyçlaryň we gaýry mebelleriň arassalygy, abatlygy, ýere düşelen owadan kafelleriň lowurdap durmagy bu ýere gelenleri haýran galdyrýar. Stansiýanyň agregatlary bilen bile getirilen dürli ölçegdäki we görnüşdäki açarlardyr gurallar, tehniki edebiýatlar hem edil muzeý eksponatlary ýaly aýawly saklanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň