Soňky habarlar

Arhiw

Zuhrajan — dünýäniň iki gezek çempiony

01:2424.05.2015
0
2348

Zuhrajan Jumabaýewa bilen biziň bu duşuşygymyz ikinji gezek gaýtalanýardy. Ol 2011-nji ýylda bolupdy. Şonda Zuhrajan şol ýylyň dekabr aýynda Serbiýanyň Belgrad şäherinde adaty karate boýunça geçirilen IV dünýä çempionatynda 16 — 18 ýaşly türgenleriň arasynda şahsy tutluşyk ku-go boýunça 1-nji ýeri eýeläp, altyn medal almagy başarypdy hem-de dünýäniň çempiony diýen hormatly adyň eýesi bolupdy.

Häzir elimizde Zuhrajanyň gatnaşan ýaryşlarynyň sanawy. 11 ýyldan bäri dynuwsyz türgenleşikleri, ençeme ýaryşlary başyndan geçiren ýaş türgen gyza öz ýanyňdan «berekella» diýýärsiň. Onuň alys ýurtlarda Ýaşyl Tuguň astynda elini döşüne goýup, begenç gözýaşlaryny dökýän pursaty göz öňüňe gelende buýsançdan başyň gök direýär. Şol güne, şol pursata, belent münbere ýetmek üçin bolsa, Zuhrajanyň uzak ýyllar çeken zähmetiniň ýatandygyny bellemek, beýan etmek biz üçin hem ýakymly. Çünki türgen gyzyň waspyny ýetirmäge bu gün esas bar. Şu ýylyň 20-nji aprelden 4-nji maý aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde karate boýunça geçirilen VI dünýä çempionatynda şahsy tutluşyk görnüşinden ulularyň arasynda 55 kg agramda çykyş edip 1-nji ýeri eýeläp, dünýäniň ikinji gezek çempiony boldy.

Gadymy Gürjüstan ýurdunda Ýaşyl Tuguň astynda başyny belent tutup, dogduk ýurdunyň senasyny diňläp duran gyz ikinji gezek türkmeniň sport abraýyna goşan goşandynyň täsirinden tolgunyp aglapdy. Şonda ol öz ýanyndan: «Bar yhlasymy, güýjümi diňe Watanyma, halkyma bagyş ederin» diýip, kasam edipdi. Bu uly arzuw hem öz öňünde berlen ähtdi.

Zuhrajan hakda bu gün gürrüň etmäge zat kän. 2012-nji ýylyň 24-nji sentýabr güni ýaş türgeniň durmuşynda uly synag pursady boldy. Şol gün ol halypa tälimçi, halkara karate-do federasiýasynyň ýolbaşçysy Iliýa Ýorga 1-nji dan üçin synag tabşyrypdy. Zuhrajanyň bu synagy üstünlikli tamamlandy. Netijede oňa gara guşagyň 1-nji danynyň halkara derejeli diplomy gowşuryldy. Bu wakany Zuhrajan tolgunmak bilen ýatlaýar. Onuň dürli ýyllarda ýurdumyzyň çäginde hem-de halkara ýaryşlarynda gazanan ýeňişlerini göz öňünde tutup, «Sport ussady» diýen hormatly at hem berildi.

 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda hem-de söweş sungaty boýunça geçjek V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk ýokary derejede alnyp barylýar. Bu gün şeýle abraýly ýaryşa gatnaşmagy arzuw edýän türgeniň sany sanasaň sogaby kän diýleni. Ine, şolaryň biri hem Zuhrajan. Ol şu günki güne çenli gazanan ýeňişleriniň gözbaşynda halypa tälimçi Hangeldi Hojaýewiň irginsiz aladasynyň durandygyny belleýär. Ýurdumyzyň karate federasiýasynyň ýolbaşçysy, onlarça şägirtleri ýetişdiren Hangeldi Hojaýew ýaş türgen gyzyň tehnikasyna ýokary baha berdi.

— Zuhrajan Türkmenistanyň halkara sport abraýynyň has hem dabaralanmaklygyna saldamly goşant goşdy. Ol ugurtapyjy, ezber, zehinli türgen. Ýadamany-ýaltanmany bilenok. Özüni salyhatly alyp barýar. Türkmen gyza mahsus bolan gowy gylyk-häsiýetleriň ählisi onda jemlenen. Şu günki günde Zuhrajanyň döwletimiziň çäginde hem-de halkara ýaryşlarynda gazanan medallarynyň sany 38-dir. Olaryň 14-si altyn, 9-sy kümüş, 15-si bolsa bürünç medaldyr. Ol gelejekde hem uly üstünlik gazanar diýip, ynam bildirýärin — diýip, Hangeldi Hojaýew gürrüň berýär.

Häzirki wagtda türgen gyzymyz ýurdumyzyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby bolmak bilen adaty karate boýunça türgenleşigini dowam etdirýär. 2015-nji ýylyň dowamynda geçiriljek halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görýär.

 Zuhrajanyň uly arzuw-maksatlary bar. Ol ýene-de halkara ýaryşlarynda ençeme gezek ýeňiji bolmagy, instituty gutaryp tälimçilik etmegi, özi ýaly ýaş türgenlere toplan tejribesini sarp etmegi maksat edýär.

Abat ŞALLYÝEWA.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň