Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň gününi giňden belläp geçer

01:0124.05.2015
0
7788

24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIV köpugurly halkara sergisi öz işine başlar. Bu gözden geçirilişe gatnaşmak üçin dünýäniň dürli döwletlerinden wekiliýetler türkmen paýtagtyna geler.  

Daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň we esasy halkara kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary, ýurdumyzyň hususy kärhanalary hem-de telekeçileri gurluşyk, ulag, elektroenergetika, kommunikasiýalar, saglygy goraýyş, azyk we dokma senagaty ulgamlaryna degişli önümleriniň köp görnüşlerini görkezerler.

25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda Aşgabat şäheriniň güni giňden baýram ediler. Şanly sene mynasybetli, şeýle hem 2015-nji ýylyň ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde gurlan “Arkadag”, “Abadançylyk”, “Ýyldyz”, “Ylym”, “Ak bugdaý” we “Sagdynlyk” binalaryny dabaraly ýagdaýda açmak bellenilýär.

Aşgabatda guruljak türkmen topragyndaky parahatçylygy we abadançylygy alamatlandyrýan täze binalar şäheriň günorta böleginde kemala gelýän  täze dolandyryş merkezi bilen sazlaşar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň