Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda dokma senagatynyň ösdürilmegine bagyşlanan her ýylky Halkara sergisi geçiriler

23:5023.05.2015
0
25690

7—8-nji iýunda dokma senagatynyň innowasion ösüşine bagyşlanan her ýylky Halkara sergisi geçiriler. Sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalarynyň önümleri, dünýäniň ençeme ýurtlaryndan sergä gatnaşyjy daşary ýurtlularyň bu ulgamdaky iň täze işläp taýýarlamalary we hyzmatlary görkeziler.

Sergi myhmanlary Türkmenistanda bu pudakda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrar. Şeýle hem hyzmatdaşlar bilen möhüm işewür duşuşyklary geçiriler, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşarlar. Forumyň çäklerinde lybaslaryň däp bolan görkezilişi,  ýurdumyzyň modalar öýleriniň zehinli dizaýnerleriniň we tikinçileriniň arasynda häzirki zaman lybasly egin-eşikleri döretmek boýunça ilkinji gezek “Çeper eller” atly bäsleşik geçiriler.

Dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, onuň önümçilik kuwwatlyklary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan ýokary hilli hem-de sarp edijileriň isleg bildirýän önümlerini çykarmaga mümkinçilik berýän iň ýokary tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Pudaga goýlan maýa goýumlaryň netijesinde dokma senagatynyň döwrebap düzümleýin desgalaryny ulanmaga bermek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär, täze iş orunlary döredilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň