Soňky habarlar

Arhiw

Owgan hökümeti TOPH gaz geçirijisi boýunça ýakyn wagtda işe başlajakdygyny mälim etdi

20:5607.11.2022
0
11698

Owgan hökümeti ýakyn wagtda Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan (TAPI) gaz geçirijisini durmuşa geçirmek boýunça amaly işleriň başlajakdygyny aýtdy. Bu barada Owganystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Molla Abdul Gani Baradaryň sözlerine salgylanyp, owgan habar beriş serişdeleri mälim etdi.

Baradar turbageçiriji üçin ýer satyn almakda käbir kynçylyklaryň bardygyny, ýöne indi olary çözmek üçin tagalla edilýändigini, ýer alnandan soň TOPH-y gurmak boýunça amaly işleriň başlajakdygyny aýtdy. Şeýle hem Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şuhabuddin Delawar gazyň bahasy we mukdary barada gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy diýlip, habarlarda beýan edilýär.

— Hyrat sebitlerini, hususan-da, senagat zolagyny gazlaşdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gazyň bahasy ara alnyp maslahatlaşyldy we oňyn ädimler ädildi — diýip, «Tolo News» Delawaryň sözlerini getirýär.

Uzynlygy 1814 kilometre barabar we ýylda 30 milliard kub metr tebigy gaz kuwwaty bolan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň çäginde başlandy. Hünärmenleriň pikiriçe, bu gaz geçirijisi Aşgabat şäherine gaz eksportyny diwersifikasiýa etmäge, Kabula iň ýiti sosial meseleleri çözmäge mümkinçilik berer we Yslamabat bilen Delide energiýa ýetmezçiliginiň öwezini dolmaga şert döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň