Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ukrain toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mejlisiň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyga degişli meseleleriniň birnäçesi girizildi.
Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda toplanan bilelikdäki işiň baý tejribesine we köpugurly kuwwata eýedigini, şol kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň bolsa, iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini belläp, milletiň Lideri Hökümetara toparynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezmeler berdi.