Soňky habarlar

Arhiw

Maý aýy medeni çäreler bilen jemlener

23:3623.05.2015
0
3094

25—30-njy maýda Horwatiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Çäreleri geçirmek üçin bu ýurda medeniýet we sungat işgärlerinden, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat topar iberilýär. Onuň maksatnamasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Horwatiýanyň Medeniýet ministrliginde duşuşyk, ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bar.

28—29-njy maýda Mary şäherinde “Gadymy Merw—türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara maslahaty geçiriler. 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäginde geçirilýän halkara maslahatyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň alymlarynyň, medeniýet ulgamyna degişli işgärleri gatnaşarlar. Bu ylmy maslahatyň barşynda türki halklaryň sungat ussatlarynyň konserti guralar. Myhmanlar üçin ýörite maksatnama taýýarlanyldy, onuň çäklerinde çärä gatnaşyjylar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärliklerine baryp görerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň