Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: 18-nji tapgyrda «Energetik» öz meýdanynda «Aşgabady» ýeňdi

23:5705.11.2022
0
13202

Türkmenistanyň Futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň jemleýji oýun gününde «Mary şäheriniň «Energetigi» öz meýdanynda «Aşgabatdan» 1:0 hasabynda üstün çykdy. Bu tapgyrdan soň 15 utuk toplan «Energetik» ýedinji, 16 utugy bolan «Aşgabat» altynjy orunlary eýeleýärler.

Ýaryş tertibiniň ýokarky ornuny 48 utuk toplan «Ahal» toparynyň eýeleýändigini ýatladýarys. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň duşuşyklary 8-nji hem-de 9-njy noýabrda geçirilip, onda «Aşgabat» – «Nebitçi», «Merw» – «Altyn Asyr», «Şagadam» – «Energetik» hem-de «Köpetdag» – «Ahal» toparlary duşuşarlar.

«Energetik» – «Aşgabat» – 1:0

Gol: 45+2 Ruslan Priýew («Energetik»)

Duýduryşlar: 44 Serdar Annamämmedow, 66 Meýlis Rizaýew, 86 Meýlis Durdyýew, 86 Mekan Çaryýew («Energetik») – 30 Pirmyrat Sultanow, 33 Bäşim Gurbanberdiýew, 62 Atageldi Geldiýew, 86 Döwran Berdiýew, 86 Begmyrat Pirkulyýew («Aşgabat»)

Geçirilen ýeri: «Energetik» stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: S.Gurbanow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň