Soňky habarlar

Arhiw

«Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalary bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär

20:4305.11.2022
0
21215

Şu günler «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalary bilen meşgullanýan ýaşlaryň aragasynda «Sanly çözgüt – 2022» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirilýär.

Bäsleşige täze intellektual pikirleri bilen ýaş programma üpjünçiligini işläp düzýän ýaşlaryň 250-ä golaýy, özleriniň innowasion taslamalary bilen gatnaşýar. Bäsleşik saglygy goraýyş, ylym we bilim, elektron senagaty, ulag we kommunikasiýa, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik, akylly şäher ýaly ugurlary özünde jemleýär.

«Sanly çözgüt – 2022» atly innowasion taslamalar bäsleşigine Türmenistanyň Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagat ministrligi, Senagat we gurluşyk önümçilik ministrligi, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministirligi, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Ylymlar akademiýasy we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden bolan ýörite döredilen eminler topary gatnaşýar.

Ýaşlaryň her biriniň işlerine, taslamanyň jemgyýetçilik, ykdysady, önümçilik we dolandyryş meselelerindäki ähmiýeti, ylymyň we häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň gazananlaryna esaslanýan täze çözgütleri köpeltmek mümkinçiligi, şeýle hem onuň özboluşlylygy, elýeterliligi, hili we dizaýny boýunça emin agzalary tarapyndan baha berilýär.

«Sanly çözgüt – 2022» atly innowasion bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmenistanyň söwda we senagaty edarasynda geçiriljek, «Türkmentel – 2022» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňiji bolan ýaşlar diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň