Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheriniň futzal boýunça çempionatynyň ýedinji tapgyry geçirildi

06:0122.05.2015
0
1899

21-nji maýda Aşgabat şäher häkimliginiň sport desgasynda futzal boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionatynyň 7-nji tapgyry geçirildi.  

Bu ýaryşda jemi 10 topar çykyş edýär.

Ýaryşyň 7-nji tapgyryndaky duşuşyklaryň netijeleri:

“Daýhanbank” — “Daşgala” — 2:5, “Bagtyýarlyk” — “Migrasiýa” — 1:8, “Senagatbank” — “Daýanç” — 9:4.

7-nji tapgyryň duşuşyklary 24-nji maýda “Talyp sport” — “Deňizçi”, “Wepaly” — “Gümrükçi” duşuşyklary bilen tamamlanar.

Aşgabat şäheriniň futzal boýunça çempionaty iýun aýyna çenli dowam eder. Ýaryş tablisasynda öňdäki üç orny eýelän toparlar Türkmenistanyň futzal boýunça çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar. 

Toparlaryň 21-nji maýda geçiren duşuşyklaryndan soň ýerleşiş tertibi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň