Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana 250 müň COVID-19 dessin barlag testleri getirildi

20:5704.11.2022
0
15412

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi COVID-19 wirusyny anyklamaga ýardam berýän dessin barlag testlerini aldy. Dessin barlag testleri ÝUNISEF tarapyndan iberildi diýip, guramanyň Türkmenistandaky ofisiniň resmi Instagram sahypasynda habar berildi.

Türkmenistana umumy bahasy 600 müň dollar bolan 250 müň COVID-19 dessin barlag testleri gowşuryldy.

Bu dessin barlag testleri beýleki anyklaýyş gurallary bilen birlikde, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin görülýän çäreleri güýçlendirmäge mümkinçilik döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň